«Türkmendemirönümleri» zawodynyň önümlerine isleg barha artýar

Ahal welaýatynda senagat pudagynyň ösüşine saldamly goşant goşýan iri kärhanalaryň ençemesi hereket edýär. Şolaryň biri-de Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çäginde ýerleşýän «Türkmendemirönümleri» zawodydyr. Ýurdumyzyň metallurgiýa senagatynyň ilkinji iri we kuwwatly kärhanalarynyň biri bolan zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 160 müň tonna metal önümleri bolan zawodda häzirki wagtda uly işler alnyp barylýar. Bu ýerde, esasan-da, metal böleklerini eretmek arkaly alynýan sozulan metallardan dürli ölçegdäki gurluşyk armaturalary, şeýle-de beýleki metal önümleri taýýarlanýar.

Önümleriň hiliniň ýokary bolmagy üçin işçi hünärmenleriň her biri yhlasly işleýär. Olaryň agzybirlikli zähmeti, şeýle-de önümçilik bölümlerindäki häzirki zaman tehnologiýalaryna erk ediş başarnyklary önümçilik işiniň netijeliligine we hiline oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle bolansoň, kärhananyň önümlerine isleg örän ýokarydyr.

Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk materiallarynyň ornuny tutýan, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply gurluşyk önümleriniň önümçiligini giňeltmek babatdaky tagallalaryna saldamly goşant goşýan bu kärhananyň iş öndürijiligi barha ýokarlanýar. Geçen dokuz aýda kärhanada önümçilik işinde gazanylan görkezijiler hem muňa şaýatlyk edýär. Has takygy, üstümizdäki ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ol ýerde 135 million 399 müň 530 manatlyk dürli ölçegdäki demir önümleri öndürilip, önüm öndürilişiniň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,35 göterime barabar boldy. Bu ýokary hilli demir önümleri şertnamalar esasynda ýurdumyzyň çäklerinde giň möçberde alnyp barylýan gurluşyklara bökdençsiz ugradyldy.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby
Atajan Kullyýew.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok