«Owerdraft karty» atly täze bank kartynyň nusgalary tassyklanyldy

Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, ýurdumyzyň karz berýän edaralary tarapyndan ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň ýerine ýetirilişi barada wise-premýer G.Müşşikow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gündelik sarp edilýän harytlar satyn alnanda raýatlaryň maliýe mümkinçiliklerini giňeltmek üçin, her bir raýatyň ýüztutmasy esasynda, onuň aýlyk zähmet hakynyň 40 göteriminden üç essesine çenli möçberde gysga möhletli karzlary resmileşdirmegi tizleşdirmek maksady bilen, kiçi möçberli karzlar üçin «Owerdraft karty» atly täze bank kartyny işe girizmek teklip edilýär.

Bu hyzmat nagt däl hasaplaşyklarda müşderiniň hasabyndaky pul serişdeleri ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda, karz edarasy bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, müşderiniň hasabyny kesgitlenen çäklerde karzlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Şunda müşderiniň hasabyna serişde gelip gowşanda bellenen tertipde karz gaýtarylýar. Şeýle-de degişli şertnamanyň hereket edýän döwründe karz gaýtarylandan soňra, goşmaça şertnama baglaşmazdan, karzy gaýtadan ulanmak mümkinçiligi döreýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň döwlet paýdarlar we täjirçilik banklary tarapyndan çykarylmagy meýilleşdirilýän bu kartyň nusgalary hödürlenildi. Şu taslamalar taýýarlanylanda milli öwüşginde we döwrebap görnüşde beýan edilen şekiller göz öňünde tutuldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ilata hödürlenilýän, şol sanda Internet ulgamynyň we ykjam aragatnaşygyň mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň sanawyny giňeltmek boýunça amala aşyrylýan işlere kanagatlanma bildirip, «Owerdraft karty» atly täze bank kartynyň nusgalaryny makullady.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby
Gunça Akyýewa.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok