TRANSMILLI ULGAM — HALKARA GATNAŞYKLARYNYŇ MÖHÜM UGRY

 Häzirki wagtda halkara gatnaşyklaryny hem-de döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň esasy guraly hökmünde transmilli ulag geçelgelerini döretmeklige has uly ähmiýet berilýär. Döwletimiziň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşendigi nazara alnyp, multimodal gatnawlaryň netijeliligini üpjün edýän iri ulag-logistiki merkezleri döredilip, ýurdumyz halkara ulag kommunikasiýasyna işjeň goşulýar. Ýol-ulag düzümleri döwrebaplaşdyrylyp, ulag görnüşleriniň her biriniň artykmaçlyklaryndan ýerlikli peýdalanmaga mümkinçilik berýän sazlaşykly ulgam kemala gelýär. Halkara ulag geçelgelerini ösdürmek Türkmenistanyň daşary hem-de içeri syýasatlaryna laýyk gelýär. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk syýasatyna we ykdysady taýdan durnukly ösüş tejribesine daýanyp, dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli, deňhukukly we hoşniýetli hyzmatdaşlygy barha ösdürýär. Hormatly Prezidentimiziň işjeň parahatçylyksöýüjilikli başlangyçlary esasynda, Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, şeýle hem dünýäniň beýleki ýurtlary bilen özara bähbitli strategik gatnaşyklar barha ilerleýär. Mundan başga-da, Türkmenistan Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş ummany we Günorta Aziýa sebitleriniň söwda-ykdysady ulgamlarynyň özara gatnaşyklarynyň transkontinental ykdysady köprüsiniň wezipesini ynamly ýerine ýetirýär. Şeýle gatnaşyklar ýurdumyzyň durnukly ykdysady we durmuş taýdan ösüşine uly goşant
goşýar.

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary esasynda ulag ulgamynyň ösdürilmegi hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ýaýbaňlanmagy ýurdumyzyň ösüşleriniň ygtybarly kepili bolup durýar. Türkmenistan Ýewraziýa giňişliginde strategik durnuklylygyň möhüm merkezi hökmünde tanalmak bilen, gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi üçin ygtybarly hyzmatdaş hem-de şol bir wagtyň özünde yklymara ähmiýetli ulag-üstaşyr merkezi hökmünde wajyp orny eýeleýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň çäginde we ondan daşarda dostluk ýollarynyň gurulmagy Türkmenistanyň multimodal logistika ulgamynyň ösüşiniň möhüm tapgyryny alamatlandyrýar.

Möwlam Haýtgulyýew,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok