Käşiriň saglyga peýdasy

Sary reňki, üçburç görnüşi we ýaşyl baldaklary bilen her kimiň gowy görýän gök önüm käşirdir. Eýsem, käşiriň saglyga nähili peýdasy barka?

Käşirde A, K, C, B6 witaminleri we kalsiý, mis, foliý turşusy, magniý ýaly birnäçe minerallar bar. Örän oňat antioksidant çeşmesi bolmak bilen käşir ganyň arassalanmagyny we aýlanyşyny çaltlaşdyrýar. Damarlaryň ýapylmagyna ýol bermeýänligi sebäpli aşa ýadawlygyň öňüni alýar. Düzümindäki A witamini gözüň görüjiligini has-da ýitileşdirýär.  Witamine baý käşir diňe bir gönüden-göni görüşe goşant goşman, eýsem umumy göz keseli bolan kataraktanyň döremek howpuny hem azaldýar.

Käşir şerbediniň saglyga peýdasy:

  1. Bagry we içegäni arassalaýar, bedeni toksinlerden arassalaýar;
  2. Beýniniň saglygyny gowulaşdyrýar we zeper ýeten öýjükleri bejerýär, ýatkeşligi gowulandyrýar;
  3. Bedende gan aýlanyşyny çaltlaşdyrýar, damar okklýuziýasynyň öňüni alýar we ýürek saglygynda diýseň peýdalydyr.
  4. Aşgazan we gyzylödek keselleriniň öňüni alýar, iýmit siňdiriş ulgamyny pugtalandyrýar.
  5. Görüş bozulmalary, baş aýlanmak, pes gan basyşy, ýadawlyk ýaly keselleri gowulandyrýar.
  6. Agyzdaky bakteriýalary arassalaýar. Diş saglygy üçin örän möhüm.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby
Tejenmyrat Ýazmyradow.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok