Igde – sözi “ýigide” sözünden gelip çykypdyr. Ýagny “igde” bu miweli agaç bolup, miwesi dermanlyk häsiýete eýedir. Igde dözümli agaç bolup erbet gurluşly topraklarda hem ösmage ukyplydyr. Igde şol sanda guraklyga hem çydamly bolup durýar. Igde agajyny köp döwletlerde erroziýa garşy hem ulanýarlar. Böwrek kesellerinde igde agajynyň miwesini iýmek peýdaly hasaplanýar. Miwesi zeýtun ýaly ululykda we goýy sary reňde bolýar. Ýewropada, Aziýada we Demirgazyk Amerikada igdäniň birnäçe gornüşleri bardyr.
Igde güýz paslynyň iň soňky ir-iýmişi hasaplanýar. Ol iň halanýan ir-iýmişleriň biridir. Bally ösümlikleriň biri hasaplanýan igde agajynyň ýapraklary kümüşe meňzeş bolup, tikenli, gyrymsy agaçdyr.
Igde maý-iýun aýlarynda gülleýär. Onuň gülleri açyk açyk sary reňde bolup, miwesi sentýabr aýynda bişip başlaýar. Bu ösümligiň miwesi suwly, örän süýji we dişiňi gamaşdyryjy tagamy bilen tapawutlanýar. Şeýle hem ol diňe tagamlylygy bilen tapawutlanman, eýsem-de, onuň köp peydaly taraplary bar. Bu miwe beloga, aşgarlaýjy maddalara, uglewoda, fosfora, kaliýä, reňkleýji we azotly maddalara baýdyr. Igde agajynyň gülleri efir ýagyna, ýapraklary E we C witaminlerine baýdyr. Ol dürli keselleriň öňüni almakda peýdalanylýar. Daragtynyň kökünden taýýarlanylan erginiň ýürege nepi degýär. Bu ösümligiň ýapragynyň şiresini sowuklamada we gyzdyrmada gyzgyny gaýtaryjy hökmünde ulanýarlar. Watany Aziýa hasaplanýan igde agajynyň boýy 7 metre çenli ýetýär. Onuň dürli görnüşleri bolup, ýaramaz toprak şertlerinde hem ösüp bilýär.
Igde odekolon önümçiliginde hoşboý ys beriji çig mal hökmünde-de peýdalanylýar. Soňky ýyllarda ýabany görnüşleri lukmançylykda has köp ulanylyp ugraldy. Şol sebäpli bu ugurda has kän ylmy barlaglar geçirilýär.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby
Täçnazar Täçmyradow.
Teswirler