Multimodal transport harytlary bir şertnama boýunça daşamak, ýöne azyndan iki dürli ulag görnüşi bilen ýerine ýetirilýär; daşaýjy birnäçe dürli ulag görnüşleri (mysal üçin demir ýol, deňiz we awtoýol arkaly) ýerine ýetirilen hem bolsa, ähli wagon üçin jogapkärçilik çekýär.
“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti üstaşyr we eksportimport ýükleri ýük ugradyjydan bir ýa-da birnäçe ulag görnüşleri arkaly (multimodal) ýük alyja eltmekde
logistiki çözgütleri hödürleýän kompaniýadyr.
2018-nji ýylda esaslandyrylan TULM-yň paýdarlary bolup, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmenaragatnaşyk”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendenizderýaýollary” agentlikleri, Döwlet
ätiýaçlandyryş guramasy we “Türkmen logistika assosiasiýasy” hojalyk jemgyýeti çykyş edýär.
Häzirki wagtda kompaniýanyň Demir ýol gatnawlary, Multimodal gatnawlary, Logistika we marketing bölümleri müşderiler bilen işleşýär.
Maglumatlary toplan:
Haýtgulyýew Möwlam
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby
Teswirler