Hytaýyň OPPO kompaniýasy eplenýän ekranly telefon öndürer

Hytaýyň OPPO kompaniýasy iç tarapa açylýan eplenýän ekranly telefon öndürmegi maksat edinýär. 5G telefon önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan brend soňky ýyllarda ýokary islegden peýdalanýan eplenýän ekranly telefonlary işläp taýýarlaýar. Kompaniýa bu maksat bilen şu ýylyň fewralynda Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasyna ýüz tutdy. Halkara gurama kompaniýanyň ygtyýarnamasyny tassyklady. Bir-iki ýyldan bäri ulanylýan eplenýän mobil enjamlar adatça daş tarapa eplenýär. Ýagny eplenen wagty ekranlar smartfonyň daşynda galýar. Hytaý brendi bolsa içe eplenýän mobil enjam öndürmegi maksat edinýär. Munuň sebäbi has ynjyk bolan ekranyň ýüzüniň çyzylmagynyň we döwülmeginiň öňüni almakdan ybarat. Kitap ýaly bolup açylýan OPPO telefonlar ynyň açyklygyny 30, 60, 90 we 120 derejede berkidip saklap boljakdygy mälim edilýär. OPPO-nyň patent üçin tassyklanan çyzgylary esasynda «LetsGoDigital» dizaýn topary smartfonyň daşky şekilini taýýarlady.

Jennet Rejepowa,
TOHU-nyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok