«Ýeňiş» tikin kärhanasynyň ýokary hilli önümleri

Bazar gatnaşyklary şertlerinde zähmet çekmegiň peýdasyna gowy düşünýän Marynyň «Ýeňiş» tikin kärhanasynyň ezber elli tikinçileri öz öndürýän ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümleri bilen bazardaky orunlaryny has-da berkidýärler. Olar esasan, erkek adamlara we çagalara niýetlenilen köýnekleri, şeýle-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň buýurmasy boýunça köýnekleri, penjek-jalbarlary we ýörite geýimleri öndürýärler.

Taýýarlaýan geýim-gejimleri, dürli görnüşli lybaslaryň hil taýdan ýokary bolmagy müşderileriň sanyny artdyrýar. Bir çalşykda işleýän kärhanada şu günki gün biçimçilik we üç sany tikinçilik hem-de tejribe alyş bölümleri hereket edýär. Önümçilik bölümleriniň täze tehnologiýaly enjamlar bilen döwrebaplaşdyrylmagy, onuň hilidir mukdaryny artdyrýar. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň geçen 9 aýynda ýokary hilli önümler öndürilip, meýilnama 156 göterim ýerine ýetirilipdir. Önümler kärhana degişli 6 sany dükanyň, şeýle-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherinde we welaýatlarda ýerleşýän edara-kärhanalaryna ugratmak arkaly alyjylara ýetirilýär.

Şirmyrat Rejebalyýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok