Nanoürgünleriň düzümi we alnyşy

Nano ýa-da ultrodispers gurluşyň döreýiş hadysasy amorf gurluşlaryň doly ýa-da bölekleýin kristallaşmalary, ýagny kristallaşma, rekristallaşma, faza öwrülmeleri, intensiw maýyşgak üýtgemeler, ýokary mehaniki ýükleriň täsirleri bilen kesgitlenýär.

Taýýar önümiň islegini kanagatlandyrýan netijeleriniň esasynda nanomateriallaryň alnyş usullaiy hasaplanýar. Öndürilen önümiň häsiýetnamasy onuň bölekleriniň şekiline we ownuklygyna, garyndysynyň düzümine, udel gatlagynyň ululygyna gös-göni bagly bolup durýar. Şeýlelikde, nanoürgünleriň alnyş şertlerine görä, amorf ýa-da ownuk kristal gurluşlar sferiki, geksagonal, iňňe şekillerine eýe bolýarlar. Ultradispers ýa-da nanomateriallaryň alnyş usullarynyň görnüşleri  himiki, fiziki we mehaniki toparlara bölünýärler.

Himiki usulyň sinteziň dürli reaksialary we hadysalary, şol san- da çökgünlik hadysasy, termiki dargatmak ýa-da piroliz, gazofaz himiýa reaksiýalary dikeldiş, gidroliz we elektroçökgünlik görniişleri bar. Täze fazalary döretmekde, onuň tizligini sazlamakda, däneleriň ösüşinde reagentleriň mukdaryny köpeldip, doýurma derejesini artdyryp we temperatura ýagdaýyny üýtgedip köptaraplaýyn himiýa usullaryny ulanmaly bolýar.

Fiziki usuly. Metalyň nanoürgünlerini ulanmagyň bu usulyna metallaryň ýokary gyzgynlykda bugarmasyna esaslanyp gaz fazaly sintez usulyýa-da bugarma (kondensasiýa)usulydiýilýär. Metalyň we metal erginleriniň ýa-da oksidleriň atmosfera we temperatura düzgünlerine baglylykda reaktorlaryň içinde bugarma sezewar edilýär. Olaryň faza geçimleri “bug suwuklyk” gaty jisim ýa-da “bug — gaty jisim” görnüşlerinde reaktoryň göwrüminde bolup geçýär. Bu usulyň manysy intensiw gyzdyrmadan we çalt sowatmadan ybarat. Gyzdyrmak hadysasy elektrik dugaly peçlerde, lazeriň we plazmanyň kömegi bilen hem-de induksion usullar bilen amala aşyryrlýar. Kähalatlarda bolsa tigelsiz bugarma esasynda materiallayň başlangyç görnüşlerine görä we taýýarlanjak önümiň niýetlenilişine görä konden-sasiýany we bugarmany ýörite wakuumlarda, inert gazlaryn- da, plazma ýa-da gaz akymlarynda geçirilýär. Däneleriň ölçegleri we şekilleri gös-göni temperaturanyň ýagdaýy, atmosferanyň düzümi we giňişlikdäki reaksion basyş esasynda amala aşyrylýar.

 Mehaniki usuly. Metallaryň ownuk bölejiklerini mehaniki ýol bilen, ýagny degirmenleriň şu aşakdaky şar, planetar, merkezeymtylýan giroskop gurluşly görnüşlerinde, attritor we simoloýer görnüşlerinde alýarlar. Attritor we simoloýer hereketi şara we barabana berýän ýokary energetikaly ownadyjy enjam bolup, hereketlenmeýän korpusly barabanly garyjydan durýar. Attritor-wertikal, simoloýer bolsa gorizontal ornaşdyrylan barabanlardan durýar. Metallary ownutmak şaryň usuly bilen amala aşyrylanda beýleki görnüşlerden tapawutlylygy urgy esasynda däl-de, sürtülme mehanizmi esasynda amala aşyrylýar. Attritoz we simoloýer görnüşlerinde barabanyň sygymlylygy 400-600 litre çenli bolýar.

Görogly Iljanow
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň dosenti, tehniki ylymlaryň kandidaty

Guwanç Mülkiýew
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok