Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda dünýade peýdalanylýan içinden ýandyrylýan dwigateller üçin uglewodorod ýangyjyň suwuk hem-de gaz görnüşli çig malynyň köp mukdarda gorynyň bardygyny ýeke öz alymlarymyz tassyklaman eýsem ony dünýäniň bilermenleri hem tassyklaýar. Türkmenistanda köp mukdardaky ýangyç serişdelerini daşky gurşawa edýän oňaýsyz täsirini azaldyp ýangyjy tygşytly peýdalanmak barada mesele elmydama üns merkezinde. Traktorlarda we awtomobillerde suwuk ýangyç ulanylýar. Şol ýangyçlar bilen bir hatarda tebigy gaz (metan), suwuklandyrylan gaz (propan-butan) peýdalanylsa örän amatly taraplary köpdür.
Tebigy gaz dwigateller üçin ýangyç hökmünde ХIХ asyryň 30-njy ýyllaryndan başlap peýdalanyp ugraýar. Şol döwürede Fransuz alymy E. Lenuar howa bilen gazy gatyşdyryp dwigatellerde ulanyp başlaýar.
Dwigatellerde suwuklandyrylan (propan-butan garyndysy) ýa-da gysylan (metan) gazlar peýdalanylýar. Şeýle görnüşli ýangyçda işleýän awtomobiller synag edilende benzin bilen deňeşdireniňde dwigatelleriň tehniki-ykdysady artykmaçlyklary ýokarlanýar, daşky gurşawa zäherli jisimleriň çykarylyşy azalyp adamlaryň saglyk ýagdaýyna ýetirýän zyýanlary kemelýär. Suwuklandyrylan propan-butan garyndyda ýa-da gysylan tebigy gazda dwigatel işlände ýangyjyň doly ýanmagy bolup geçýär. Bu bolsa dwigateliň çalgy ýagynyň harçlanyşynyň azalmagyna onuň birkemsiz uzak wagtlap işlemegine ýardam edýär. Gaz bilen işleýän dwigatelleriň garyjylary benzin bilen işleýän dwigatelleriňkä meňzeşdir. Dwigatel işleýän mahalynda silindrlerde bolup geçýän hadysalar suwuk ýangyçda hem-de gaz görnüşli ýangyçda işlände birmeňzeşdir. Şeýle-de bolsa, olar dwigatelleriň tehniki-ykdysady görkezijilerine aýratyn täsir edýärler.
Garyjyda gaz bilen howanyň gowy garyşýandygyny bellemek gerek. Silindrlere berilýän garyndynyň birmeňzeş düzümi alynýar we silindrlere paýlanýar. Şeýlelikde tebigy gazlarda benzine garanyňda uglerodyň we wodorodyň amatly gatnaşygy bolýar. Olar düzümine wodorod ugleroda görä köpräkdir. Şunuň netijesinde silindrlere berilen garyndy doly ýanýar, daşky gurşawa zyýanly jisimler az çykýar.
Gazlaryň fiziki-himiki häsiýetleri garyjada howanyň we gazyň oňat garyşdyrylmagyna mümkinçilik berýär. Bu bolsa garyndyda gazyň mukdaryny dwigateliň saz işlemegine mümkinçilik berer ýaly edip harçlanmaga ýardam edýär.
Silindrlerde garyndynyň doly ýanmagy netijesinde dwigatel uzak wagtlap bökdençsiz işleýär, şaýlary ýaglamak üçin ulanylýan çalgy ýagyň hiliniň oňat saklanýandygyny bellemelidir. Şeýle-de uçgun beriji sweçalarda, porşenlerde, silindriň ýanyş kamerasynyň diwarlarynda kesmek emele gelmegi ep-esli azalýar. Benzin ýangyjy ulanylandaky ýaly silindrlerde ýanman galan benziniň ýag gabyna syrygyp çalgy ýagynyň hilini ýaramazlaşmagy bolmaýar. Şonuň netijesinde silindrler, porşenler we başga şaýlar bir-birine sürtülip iýilmesi kemelýär. Bu bolsa dwigateliň abat işleýän möhletini artdyrýar. Uçgun beriji sweçalaryň işleýän möhleti ýokarlanýar. Ulanylýan ýagy has köp wagtlap peýdalanyp bolýar. Dwigatellerde hemişe gaz ýangyjy ulanylanda ýagy çalyşmak möhleti köpelýär, ýag uzak wagtlap zaýalanmaýar.
Iýmitlendiriş ulgamynda uly basyşyň bolmagy we garyndyny paýlaýan enjamlarynyň geçirijileriniň giň bolmagy netijesinde garyndydan bölekler enjamlaryň diwarlaryna ýelmeşip galmagy azalýar, olaryň dykylmagynyň öňi alynýar. Ulgamyň enjamlarynyň üstünden elmydama gaz akymynyň geçip durmagy şaýlaryň içki üstleriniň poslamagyny kemeldýär hem-de ýanman galan jisimlariň az mukdarda bolany sebäpli daşky gurşawy hapalanmagynyň öňi alynýar.
Benzin ýangyçda işläp gaz ýangyjyna geçirilen ýagdaýy deňeşdirilende suwuklandyrylan gazda 9% çenli, gysylan tebigy gazda 15% çenli dwigateliň kuwwatynyň peselýänligi anyklanyldy. Şeýle ýagdaýyň gaz-howa garynda görä benzin-howa garyndynyň ýylylyk berijilik ukybynyň ýokarydygy bilen düşündirilýär.
Mälim bolşy ýaly ýangyç garyndysyny gaty gyssygyňça ýananda göwrümi giňelip dwigateliň kuwwaty artýar. Ýöne gaty gysylan mahaly ýangyç garyndysy öz-özünden otlanyp çalt partlap ýanýar (detonasiýa hadysasy ýüze çykýar). Şol ýagdaýda dwigateliň şaýlaryna güýç urgy düşýär, aşa gyzýar, ýangyjyň harçlanyşy artýar. Bularyň netijesinde dwigatel tiz zaýalanýar. Partlap ýanmak ýangyjyň oktan sany bilen kesgitlenilýär. Oktan sany ýokary bolsa garyndy partlap ýanmagy durumly bolýar. Gaz görnüşli ýangyçda oktan sany 105 ýetýär. Benzinde bolsa ol 100-den geçmeýär. Şonuň netijesinde gazy gaty gysyp dwigatelleriň kuwwatyny artdyryp bolýar.
Silindrlerde garyndynyň ýanyp başlamagynyň öňürtme burçy gaz görnüşli ýangyç ulanylanda benzinde işleýänleriňkä meňzeşdir.
Benzinde işleýän dwigatelleri gaz ýangyjynda işlemäge öwürmek üçin düýpli üýtgetmek talap edilmeýär. Olarda gazballon enjamlaryny ornaşdyrmak ýeterlikdir. Dwigatel gaz görnüşli ýangyçda işlän mahaly artykmaç taraplary köpdür:
- silindrleriň diwarlaryndan şaýlary ýaglamak üçin etilen ýagyň syrylyp aýrylmaýan sebäpli silindriň içinde hereket edýän şaýlar (porşen, porşen halkalary, şatun) oňat ýaglanýanlygy üçin uzak wagtlap kemsiz işleýär;
- gaz görnüşli ýangyç oňat ýanýanlygy sebäpli ýanman galýan jisimler azalýar, bu bolsa silindriň ýanyş boşlugynyň diwarlarynda, klapanlara, porşenlerde kesmek emele gelmegini kemeldýär;
- gazda işleýän dwigatellerde çalgy ýaglarynyň hiliniň uzak wagtlap peselmeýänligi, kän hapalanmaýanlygy sebäpli ýagyň hili üýtgemeýär, şonuň üçin ýagy çalyşmak möhleti köpelýär;
- gaz ýangyjy ulanylanda dwigatellerden çykýan işlenen gazlardaky daşky gurşawa, adamlaryň saglygyna zyýan berýän zäherli jisimleriň mukdary kemelýär;
- ýangyç garyndysyny gaty gysylsa hem partlap (detonasiýaly) ýanmaýar;
- gaz görnüşli ýangyjyň bahasy arzan bolýar.
Gaz görnüşli ýangyçdan işleýän dwigatellerden şunuň ýaly kemçilikler hem bolýar: - gaz enjamlarynyň agramynyň ululygyna görä awtomobiliň umumy agramy artýar;
- daşky gurşawyň ýylylyk temperaturasy pes bolanda dwigateli, işe girizmek kynlaşýar;
- gaz görnüşli ýangyjyň ýylylyk berişi benzine görä az bolany sebäpli dwigatel gaz ýangyja öwrülende kuwwaty bir az kemelýär;
- iýmitlendiriş ulgamynda gazyň ýokary basyşy sebäpli enjamlaryň işleýän möhleti kemelýär.
Agajan Ataýew, Sähetmyradow Ýegenmyrat, Garaýew Perhat
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary
Teswirler