Duşuşyklaryň dördüsi bilen ýurdumyzyň 28-nji futbol çempionatynyň üçünji aýlawyna badalga berilendigi barada «Türkmen sporty» gazeti 2020-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda çykan sanynyň 3-nji sahypasynda habar berýär. Ikinji oktýabrda 15-nji tapgyryň çäginde iki duşuşyk geçirilip, onda «Köpetdag» – «Energetik» hem-de «Şagadam» – «Aşgabat» toparlary duşuşdylar. Bu tapgyryň çägindäki duşuşyklaryň ikisi bolsa şu gün geçiriler: «Ahal» – «Nebitçi», «Altyn Asyr» – «Merw». Dört aýlawdan ybarat bolan futbol çempionatymyzda toparlaryň sekizisiniň («Altyn Asyr», «Ahal», «Şagadam», «Nebitçi», «Aşgabat», «Energetik», «Merw», «Köpetdag») çykyş edýändigini ýatladýarys. Geçirilen 14 tapgyrdan soň 33 utuk toplan paýtagtymyzyň «Altyn Asyr» topary ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär. Ikinji, üçünji orunlarda degişlilikde «Ahal» (31 utuk) bilen «Şagadam» (22 utuk) toparlary ornaşdylar.
Toýly Jänädow
Teswirler