Dünýäniň iň ajaýyp 100 ýeri

“Time žurnaly dünýäniň iň ajaýyp ýerleriniň sanawyny düzdi. Sanawa jemi 100 ýer goşulyp, olar “Gezmek üçin”, “Galmak üçin” we “Naharlanmak üçin” atly üç bölege bölünipdir. Sanaw taýýarlananda, žurnalyň dürli ýerlerindäki redaksiýalaryndaky redaktorlaryň we habarçylaryň, senagat inženerleriniň pikiri soraldy. Sanawa muzeýler, seýilgähler, restoranlar we myhmanlar goşulypdyr. Olara saýlananda hil, özboluşlylyk we täzeçillik ýaly ugurlaryna baha berlipdir. Dünýäniň täsin ýerleri belli bir tertipde berilmändir.

Sanawa girizilen Tokýodaky bir muzeý geçen ýyl açlypdyr. Ol dünýäde sanly sungata bagyşlanan ýeke-täk muzeý hasaplanýar. Muzeýiň açylmagynyň ilkinji 5 aýynda myhmanlarynyň sany 1 milliona ýetipdir. Bu muzeý “Gezmek üçin” ýerlere  bölüminde berlipdir.

“Galmak üçin” ýerleriň arasynda “SALT of Palmar” myhmanhanasy bar. Hindi ummanynyň günorta-günbataryndaky Mawriki adasyndaky otel dizaýn babatda tapawutlanýandygy üçin sanawa girizilipdir. Adalar toplumyndan emele gelen Mawriki döwleti Günorta Afrikanyň gündogarynda ýerleşýär.

Täze Zelandiýanyň Wellington şäherine mahsus bolan hiakai atly tagam özboluşly ýerli azyk önümlerinden taýýarlanýar. Şol sebäpli hiakai ýurduň medeniýetini  hem görkezýär.

Sanawa Islandiýadaky “Geosea” geotermal deňiz hammamy, Daniýadaky “Camp Adventure” seýilgähi, Senegaldaky Garaýagyz medeniýetiniň muzeýi, Türkiýedäki Troýa muzeýi ýaly üýtgeşik ýerler girizilipdir. Şeýle hem, sanawa Keniýa, Norwegiýa, Çili, Ekwador, Urugwaý, Täze Zelandiýa, Ispaniýa, Şotlandiýa, Şweýsariýa, Italiýa, Katar, Gresiýa, Iordaniýa, Kuba, Wýetnam, Meksika, Namibiýa, Awstraliýa ýaly dünýäniň onlarça ýurdundan kitaphanalar, myhmanhanalar, gämiler, goraghanalar, sergi merkezleri, sungat-çeperçilik merkezleri girizilipdir.

Amanmyrat Baýmyradow

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok