“Hazar tolkunlary” atly birinji Baku halkara festiwaly üstünlikli tamamlandy

Şu ýylyň 25-nji sentýabrynda “Hazar tolkunlary” atly birinji Bakuw halkara festiwalynyň çäginde geçirilen ýaryşlaryň baş emini “IWS Azerbaýjan” jemgyýetiniň başlygynyň orunbasary suratkeş Sabina Isgender boldy.

Festiwal akwarel suratlaryna bolan gyzyklanmany artdyrmak, şeýle hem şekillendiriş sungatynda bu ugurda işleýän ýerli we daşary ýurtly suratkeşleriň eserlerinde tebigaty, taryhy ýadygärlikleri, medeniýeti, şeýle hem Azerbaýjanyň häzirki zaman ösüşini dünýä görkezmek üçin geçirilýär.

Festiwalyň Azerbaýjanyň medeniýet ministrligi, Azerbaýjanyň Suratkeşler bileleşigi, Azerbaýjanyň Döwlet sungat galereýasy, Halkara akwarel jemgyýetiniň Azerbaýjan bölümi (IWS Azerbaýjan) we Hataý sungat merkezi tarapyndan “Meýletinler ýylynyň” çäginde gurnalandygyny bellemek gerek.

“Hazar tolkunlary” atly birinji Bakuw halkara festiwaly 25-nji sentýabrda sagat 12:00-da Hataý sungat merkeziniň “facebook-Xetaisenetmerkezi” bilen “instagram-@xetaisenetmerkezi” internet ulgamlarynda  göni ýaýlymda, şeýle hem Azerbaýjan döwlet sungat galereýasynyň www.azgallery.az we Hataý sungat merkeziniň www. xsm.az web sahypasynda görkezildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok