Plastiki penjireleriň aýratynlyklary

Aňsat bejeriş

Plastiki penjereleri örän ýeňil we aňsatlyk bilen arassalamak mümkindir. Arassalaýjy serişdeler goşulan suwlar bilen mahal-mahal arassalamak ýeterlikdir. Plastiki penjire esbaplary (ilikleri we tutawaçlary we ş.m) öndürijiniň maslahatyna laýyklykda wagtal-wagtal ýag çalmagy talap edip biler.

Boýag etmek zerurlygy ýok

Agaç çarçuwalardan tapawutlylykda plastiki penjireleri gaýtadan boýag etmegi talap etmeýär. Plastiki penjireleri köp dürli reňklerde öndürmek mümkindir. Plastiki penjireler wagtyň geçmegi bilen solmagyna garşy synag edilýär we bu ýagdaýyň öňüni alynýar.


Çüýremeýär we poslamaýar

Agaç we metal çarçuwalar wagtyň geçmegi bilen çüýräp ýa-da poslap biler. Bular plastiki penjire ulgamlarynda bolup geçmeýär.

Göze ýakymly dizaýn

Beýleki penjire ulgamlaryndan tapawutlylykda, plastiki penjire ulgamlarynda innowasion dizaýnlar bar. Plastiki penjire ulgamlarynda süýşmek, aýlanmak, we ş.m. dürli dizaýnlar bar.

Daşky gurşawy goraýjy

Plastiki penjireleriň materiallary gaýtadan ulanylýan materiallardyr. Şeýle hem önümçilikde az energiýa talap edýär.

Şeýle önümleri öndürmekde “Maksatly Türkmen” Hojalyk Jemgyýetiniň “Turkmenglass” haryt nyşany ýurdumyzda giňden tanalaýar. “Maksatly Türkmen” HJ 2011-nji ýylda döredilip, häzirki wagtda öndürýän önümleri özüniň berkligi, çydamlylygy şeýle hem göze ýakymlylygy bilen tapawutlanýar.

Hojalyk jemgyýeti hakynda giňişleýin maglumatlary şul aşakdaky telefon belgilerine jaň edip sorap bilersiňiz: 
+993 12 471222 +993 12 754111 +993 12 754222
Faks: +993 12 754545
http://turkmenglass.com/

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok