Samsung kompaniýanyň täze akkumulýatorlary

2017-njy ýylda Samsung kompaniýa akkumulýatorlar üçin täze materiýalyň ýagny Grafeniň üstünde işleýändigini habar berdi.

Bilşimiz ýaly häzirki wagtda ähli äkkumulýatorlarda litiý ionny materiýaldan düzülendir. Samsung kompaniýa akkumulýator dünýäsinde rewolýusion üýtgeşmelerini geçirmek isleýär. Bu üýtgeşme üçin kompaniýa Grafen mataeriýalynyň üstünde işleýär.

Grafen akkumulýatorlary potensiýaly litiý ion akkumulýatorlaryna garanyňda örän uludyr. Muňa käbir mysllary getireli.  Grafenden ýasalan akkumulýatorlar litiý ion akkumulýatorlara garanyňda elektrik sygymlylygy 45% ýokarydyr. Ýakynda çykan Samsung Galaxy Note 10+ akkumulýatory litiý ion materiýalyndan bolup 4300 mah bolsa, edil şol göwrümde grafen akkumulýatoryny ullanan bolsalar onuň sygymlylygy 6235 mah barabar bolardy. Grafen akkumulýatoryň potensialy diňe bir sygymlylygynde däl. Litiý ion akkumulýator bilen deňeşdirilende grafen akkumulýatory 5 esse çalt zarýat alýar.  Muňa bolsa ýene mysal edip Samsung Galaxy Note 10+ alalyň. Samsung Galaxy Note 10+ häzirki wagtda 100% zarýat doldurmak üçin 1 sagat 5 minut gerek bolsa, grafen akkumulýatorynda bu görkezme bary ýogy 13 minut gerek bolardy.

     Haçan Samsung kompaniýa Grafen akkumulýatorlaryny ullanyp başlar? Muňa Amerikanyň ady belli žurnalisti  Evan Blass özüniň Twitterinde Samsung kompaniýa 2020-2021-nji ýylda Grafen akkumulýatorlaryny ilkinji gezek ullanyp başlar diýip belläp geçdi.

     Akkumulýator dünýäsinde grafen materiýaly rewolýusion üýtgeşmeleri geçirer. Näme üçin rewolýusion? Elbetde belläp geçişimiz ýaly sygymlylygy 45% ýokary, zarýat alyşy 5 esse çalt bolmazdan garamazdan bu materiýal litiý ion matareiýalyna garanyňda atylma, ýanma häsiýeti ýokdur. Bilşimiz ýaly litiý ion batareýleri belli bir derejede saklap, ullanylmasa ýanma we atylmak häsiýeti bar. Bu bolsa birinji orunda adam saglygyna örän uly şikesleri ýetirip bilýär.

    Egerde Samsung kompaniýa bu materialy ullanmak başartsa, bu diňe bir akylly telefonlara däl-de, eýsem biziň ullanýan ähli gadjetlerimize uly täsir eder. Birinji orunda bolsa bu elektrik awtomobilerine uly öňe gidişlikleri üpjün eder.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok