Ronaldo we Messi üçin ýer tapylmady

Goal.com neşirýat gullugynyň žurnalistleri tarapyndan düzülen UEFA Çempionlar Ligasynyň 2019/2020 möwsümindäki simwoliki toparynda portugaliýaly Ronalda we argentinaly Messi üçin ýer tapylmady.

Bu toparyň esasy bölegini “Bawariýa” futbol klubynyň oýunçylary düzdi, ýagny 8 oýunçy. Olaryň içinde Manuel Noýer, Ýosua Kimmih, Dawid Alaba, Alfonso Dewis, Serź Gnabri, Tiago Alkantara, Tomas Müller we Robert Lewandowski bar. Bulardan başga-da sanawa Daýo Upamekano (“RB Leipzig”), Erling Holand (“Borussia Dortmund”) we Neýmar (“PSŽ”) girdi.

Ronaldonyň topary “Ýuwentus” 1/8 finalda, Messiniň topary “Barselona” 1/4 finalda ýaryşdan çykdylar.

Ýatlatsak, UEFA Çempionlar Ligasynyň final oýuny 23-nji awgustda geçirilip, Germaniýanyň “Bawariýa” futbol kluby Fransiýanyň “PSŽ” futbol klubyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy. Bu ýeňiş “Bawariýa” futbol klubynyň taryhynda 6-njy bolup, soňky sapar olar 2012/2013 möwsüminde ýeniji boldular.

Baýnazar Nepesow.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok