Medeniýet ministrliginiň gurluşynyň üýtgemegine garaşylýar

Dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek we Medeniýet ministrliginiň we oňa tabyn bolan edaralaryň gurluşyny üýtgetmek baradaky teklipler Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hödürlendi.

Wise-premýer G. Muşşikow bu üýtgeşmeleriň esasy maliýe we ykdysady görkezijileri gowulandyrmak we medeniýet edaralarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen mümkinçilikler döretmäge gönükdirlendigini aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, teklipleri makullady. Mesele bilen baglanşyky kynçylyklary çözmek üçin hemmetaraplaýyn çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu ugurda degişli ýolbaşçylara öňdebaryjy tehnikalary, häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak bilen meýilnamalary durmuşa geçirmek barada görkezme berdi diýip, Türkmenistan Döwlet habar gullugy habar berýär.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok