Indoneziýanyň Eduversal korporatiw guramasy tarapyndan geçirilen International Eduversal Mathematics Competition (I-EMC 2020– Halkara Eduversal matematika bäsleşigi) atly mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen onlaýn bäsleşikde Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçylary Jennet Zamanowa altyn, Orazmämmet Saparow bolsa kümüş medala eýe boldy.
Onlaýn geçirilen bäsleşige 36 döwletde 545 okuwçy gatnaşdy. Bäsleşik iki kategoriýada geçirildi: birinji kategoriýa 15 ýaşa çenli, ikinji kategoriýa bolsa15 ýaş we ýokarsy üçin geçirildi. Jennet we Orazmämmet ulylaryň toparynda çykyş etdiler.
Bäsleşige öz öýlerindäki mümkinçiliklerden peýdalanyp gatnaşdylar. I-EMC guramaçylyk toparynyň talaplary esasynda tehniki şertlerde gatnaşyp, her gatnaşyjynyň öz gatnaşýan ýerinde gözegçilik kamerasy bilen yzarlandy. Şeýle-de onlaýn ýumuşlar bir birden ekrana geldi. Geçilen soraga dolanmaga, şeýle-de kompýuterde başga goşmaça programmalary we äpişgeler açylmaz ýaly tehniki şertler sazlanan. Munuň maksady onlaýn geçirilýän bäsleşiklerde ýüze çykyp biljek düzgün bozmalaryň öňüni almak.
Jennet Zamanowa we Orazmämmet Saparow bu bäsleşige Aýratyn zehinli çagalaryň Döwlet mekdep internatynyň mugallymy Arslan Hojyýew tarapyndan taýýarlandy. Mundan başga-da bu halkara olimpiýada gatnaşmak üçin öz goldawlaryny beren mugallymlary Döwran Annanyýazow, Ybraýym Muhammetnazarow, Atajan Rahmanow dagylara ýaşlar öz sagbolsunlaryny aýdýarlar.
Altynaý Döwranowa
Teswirler