2019-njy ýylyň awgust aýynyň 8-ne ABŞ-nyň New York şäherinde Samsung kompaniýa özüniň täze Samsung Galaxy Note 10, Samsung Galaxy 10+ we Samsung Galaxy Book S görkezdi. Elbetde Samsung kompaniýanyň ähli prezentasiýalarynda boluşy ýaly prezentasiýanyň başyny kompaniýanyň prezidenti DJ Khos başlady.

Samsung kompaniýanyň häzirki wagtda hiç hilli garşydaşy bolmadyk modeliniň biri Galaxy Note hasaplanýar. Esasy aýratynlyklarynyň biri elbetde S Pen galamy. S Pen ähli Note-larda hem bar we ony geçen ýylda görkezilen Samsung Galaxy Note 9 da bluetooth bilen telefona birikdirilip bolýardy. Bu bolsa galamyň üsti bilen pult hökmünde ullanmana birnäçe mümkinçilikleri berid. Samsung Galaxy Note 9-da S Pen zarýatsyz 30 minut işleýän bolsa indi Note 10-da 10 sagat zarýatsyz işleýär. Galamy zarýada goýmak üçin telefonda özüniň ýerinde goýmak ýeterlik.
Samsung Galaxy Note 10 ekranynyň ululygy 6,3 dýum infiniti-O Dynamic Amoled displeýi ullanylýar. Elbetde suwdan goramak üçin IP-68 derejede goragly. Telefonyň öň we yzky taraby aýna bolup onuň çydamlylygy Gorilla Glass 6 njy nesili ullanylýar. Samsung Galaxy S10 da hem bu aýna ullanylyp drop test edilende telefonyň aýnasy 180 sm beýiklige çydamlylygy bardyr. Kamerasy Note 10-da yz tarabynda 3 kamera öň tarabynda bolsa ýeke kamera. Häzirki wagtda prezentasiýada telefonyň pamýady barada hiç hilli maglumatlar berilmedi. Batareýi Note 10-da 3500mah. Samsung Galaxy Note 10 häzirki wagtda 5 tüýsli reňkleri bar.
Samsung Galaxy Note 10+ ekrany 6,8 dýum infiniti-O Dynamic Amoled displeýi ullanylýar. Note 10-dan tapawudy esasy ekranynyň ululygy, Note 10+ yzy 4 kamera öň tarabynda ýeke kamera otyrdylan. Samsung Galaxy Note 10+ batareýi 4300mah bolup häzirki wagtda 4 görnüşli reňki bar.
Mundan başgada prezentasiýada Samsung özüniň täze zarýatnik ýagny 45 watt bolan Super Fast Charger görkezdi. Elbetde bu zarýatnik telefonuň özünde gelmän aýratyn satylýar. Bu zarýatnigiň kömegi bilen Samsung Galaxy Note 10+ 0 dan 100 göterim zarýat doldurmak üçin 40 mint ýeterlikdir.
Samsung Galaxy Book S bu täze Samsung kompaniýanyň ykjamly kompýuteri bolup Qualcomm kompaniýanyň prosesinde işleýär we Windows 10 OS bilen ullanylýar.

Bahalar:
Samsung Galaxy Note 10 LTE- 949$
Samsung Galaxy Note 10 5G- 1 049$
Samsung Galaxy Note 10+ LTE- 1 099$
Samsung Galaxy Note 10+ 5G- 1 299$
Samsung Galaxy Book S- 999$
Haçan satlyga çykýar?
Samsung Galaxy Note-lar awgust aýynyň 23 den soňra ähli ýurtda satlyga başlaýar. Samsung Galaxy Book S bolsa sentýabr aýynda satlyga başlar.
Abdulkerim Hamedow
Teswirler