Türkmenistan daşky gurşawy goramak we ekologiýa taýdan durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda toplumlaýyn çäreleri yzygiderli durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda ekologiýa strategiýasy esasynda milli we halkara derejesindäki başlangyçlar utgaşykly alnyp barylýar.
Bu strategiýanyň çäginde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri giňden ulanylýar, suw serişdeleriniň rejeli sarp edilmegine aýratyn üns berilýär, çölleşmä garşy göreş çäreleri görülýär hem-de biodürlüligi gorap saklamak boýunça maksatnamalar amala aşyrylýar. Şeýle hem ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we energiýanyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy möhüm ugurlaryň hatarynda durýar.
Metan zyňyndylarynyň azaldylmagy, parnik gazlarynyň täsiriniň peseldilmegi ugrunda hem birnäçe çäreler görülýär. Bu çäreler halkara ekologiýa borçnamalary bilen utgaşyklykda alnyp barylýar.
Jemgyýetiň ekologiýa çärelerine işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek hem döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ählihalk bag ekmek dabaralary, tokaý zolaklarynyň döredilmegi, agaç nahallaryna ideg etmek ýaly işler jemgyýetde tebigata bolan hormaty güýçlendirýär. Şu ýyl ýazky Ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda-da bir günde tutuş ýurdumyz boýunça agaç nahallarynyň 632 müň 498 düýbi ekildi. Şeýle hem seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 2 million 260 müň 836 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi.
Ekologik ölçeglere laýyk şäher gurluşygy hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Arkadag şäherinde tokaý zolaklarynyň döredilmegi, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de arassa gurşawyň üpjün edilmegi häzirki zaman ekologik ülňülere laýyk gelýär. Aşgabat şäherinde hem seýilgähleriň köpeldilmegi we ýaşyl zolaklaryň giňeldilmegi şäherde ekologik deňagramlylygyň saklanylmagyna ýardam berýär.
Hazar deňziniň ekologiýasyny goramak hem ýurdumyzyň daşky gurşaw syýasatynyň möhüm ugrudyr. Kenarýaka desgalary halkara ekologiýa kadalaryna laýyklykda gurulýar, deňziň biologik dürlüligi we suw serişdeleri aýratyn goragly ulgamda saklanylýar.
Umuman, Türkmenistan daşky gurşawy goramak we ony geljek nesiller üçin aýawly saklamak boýunça ygrarlylygyny yzygiderli görkezýär. Milli maksatnamalaryň we halkara hyzmatdaşlygyň utgaşdyrylmagy ýurdumyzyň ekologiýa ulgamynda öňdebaryjy başlangyçlary amala aşyrmaga taýýardygyny aýdyň görkezýär.
Zöhre ROZYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy.
Teswirler