10 ýyl Älem giňişliginde!

2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde ABŞ-nyň Florida ştatynda ýerleşýän Kanaweral kosmodromyndan “Falcon 9” raketa göterijisi arkaly Türkmenistanyň ilkinji aragatnaşyk hemrasy “TürkmenÄlem 520E” üstünlikli äleme çykaryldy. Bu ýokary tehnologiýaly enjam Türkmenistanyň buýurmasy esasynda Fransiýanyň öňdebaryjy “Thales Alenia Space” kompaniýasy tarapyndan taýýarlanyldy.

“TürkmenÄlem 520E” dürli ugurlarda giň mümkinçilikleri hödürleýän aragatnaşyk hemrasy bolup, ol diňe bir Türkmenistanyň çäklerini däl, eýsem Merkezi Aziýany, Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň birnäçe ýurtlaryny hem öz içine alýar. Hemra arkaly maglumat geçirmek, ses aragatnaşygyny üpjün etmek hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýaýlymlaryny görkezmek mümkinçilikleri döredilýär.

Bu hemra arkaly:

  • Türkmen, rus, iňlis, pars, türk we özbek dillerinde 300-den gowrak ýokary hilli tele we radio ýaýlymlary elýeterli edilýär;
  • Ýurduň çetki künjeklerinde hem milli aragatnaşyk ulgamynyň durnukly işlemegi üpjün edilýär;
  • Döwlet edaralarynyň, ministrlikleriň hem-de dürli kompaniýalaryň aragatnaşyk hyzmatlary ygtybarly ýagdaýda ýerine ýetirilýär.

“TürkmenÄlem 520E” häzirki wagtda “Dragon Oil”, “Eni Turkmenistan” ýaly halkara nebitgaz kompaniýalary tarapyndan giňden peýdalanylýar. Bu bolsa hemra aragatnaşygynyň ýurduň ykdysady taýdan möhüm ugurlarynda möhüm ähmiýete eýedigini görkezýär.

Mundan başga-da, bu enjam Türkmenistanyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda aragatnaşyk geçelgesindäki ornuny berkitmäge ýardam berýär. Ýurtda içerki infrastruktura ösdürilmek bilen birlikde, halkara telekommunikasiýa ulgamyna işjeň goşulyşmak mümkinçiligi döreýär.

Geçen 10 ýylyň dowamynda “Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hemra arkaly hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün edip, sebitde öňdebaryjy we ynamly oparator hökmünde tanalyp başlady.

Şu günki günde “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen bilelikde ikinji aragatnaşyk hemrasyny äleme çykarmak boýunça mümkinçilikler öwrenilýär. Bu bolsa häzirki ulgamyň üstüni ýetirmek bilen, uzak aralyga ýokary tizlikli maglumat geçirmek ýaly täze mümkinçilikleri açar.

Ogulsona AKYÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok