Döwrebap bilim – kämillige badalga

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow «Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly aja­ýyp ki­ta­byn­da «Bi­lim ar­ka­ly be­ýik gel­jek gu­rul­ýar» di­ýip bel­le­ýär. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň gel­je­gi, on­da-da be­ýik gel­je­gi bi­lim bi­len bag­la­nyş­dyr­ma­gyn­da çuň­ňur ma­ny bar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýo­kar­da at­lan­dy­ry­lan ki­ta­by­nyň ady­ny we onuň çuň­ňur ma­ny-maz­mu­ny­ny na­za­ra al­sak, Wa­ta­ny­my­zyň da­ýan­jy bo­lan ýaş­la­ryň döw­re­bap bi­lim­li bol­ma­gy mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Wa­tan­sö­ýü­ji, zäh­met­sö­ýer, yn­san­per­wer ýaş­la­ry ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek baş mak­sa­dy­myz bo­lup, bu iş­de bi­lim iş­gär­le­ri­ne uly orun de­giş­li­dir.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de bu be­lent mak­sat my­ra­dy­na go­wuş­ýar. Gah­ry­man Ar­kadagy­myz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nan oňyn öz­gert­me­le­ri, giň ge­rim­li iş­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­la­ry bi­len bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mä­ge döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de ga­ral­ýar.

Mälim bolşy ýaly, jemgyýetiň ösüşinde ylym-bilim esasy orny eýeleýär. Umumadamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýetilen belent sepgitler bolsa ylym-bilimiň miweleri hasaplanýar. Häzirki döwürde bilim ulgamyna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilimlerden habarly, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykaryp bilýän, beden we ahlak taýdan sagdyn, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler hem-de giň mümkinçilikler döredilýär. Döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler bagtyýar ýaş nesilleriň ylym-bilim hem-de zehin babatda kämilleşmegine itergi berýär, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge, ukyp-başarnyklaryny doly derejede açmaga ýardam edýär.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy dabaraly bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky ösüşleri, özgertmeleri, gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler halkymyzyň ýüreginde buýsanç duýgularyny oýarýar. Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan özgertmeler özüniň oňyn netijesini berýär. Bu ugurda ýurdumyzyň okuw mekdeplerine sanly bilimiň esasyny düzýän innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi geçirilýän okuw sapaklarynyň hilini has-da ýokarlandyrmaga we berilýän bilimiň derejesini halkara ülňülere doly kybap getirmäge ýardam edýär.

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ylym-bilimiň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli işleri durmuşa ornaşdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri üstünliklere beslensin!

Ogulbagt AGAMYRADOWA,

Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok