Türkmenistanda Milli bahar baýramy mynasybetli 21-22-nji martda geçirilen awtomobil sporty boýunça ralli-reýd ýaryşynda 11 sürüji Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşdi. Iki günlük ýaryşa ýurduň üç guramasyndan türgenler gatnaşdy: Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasy, Içeri işler ministrliginiň polisiýa bölümleri we «Türkmenawtoulaglary» agentligi.
Bäsleşik Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Garagum sährasynda 143 kilometrlik ýolda geçirildi. Ilkinji gün türgenler 33 kilometr, ikinji gün bolsa 110 kilometr aralygy geçdiler.
Netijede, Türkmenistanyň Kubogyny Awtomobil sport federasiýasynyň wekili Maksatmyrat Daňatarow («Nissan Patrol») gazandy. Ikinji orny onuň toparlaýyn kärdeşi Meýlis Abdyllaýew («Nissan Patrol»), üçünji orny bolsa Ýolaman Abaýew («Mitsubishi L200») eýeledi.
Üç aý öň, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen ralli-reýd çempionatynda Maksatmyrat Daňatarow we Meýlis Abdyllaýew «ýol dannamaz» toparynda degişlilikde ikinji we üçünji orny eýeläpdi. Şol ýaryşda Ýolaman Abaýew bolsa açyk toparda üçünji orny eýeläp, bürünç medal gazanypdy.
Guwançmuhammet Orazow,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ Harby meýdan hirurgiýasy kafedrasynyñ assistenti
Teswirler