Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym we bilim ulgamy güýçlenýär. Ene dili, ýaşlary milli terbiýelemek, ata-babalarymyzyň pähim-paýhasyny öwretmekde möhüm orun eýeleýär. Dil, milletimiziň taryhy we medeni mirasynyň aýdyň beýany bolup, ýaşlaryň watansöýüjiligini, ynsanperwerligini we ahlaklylygyny ösdürmäge kömek edýär.
Ene dilimiz milliligiň, milli dünýägaraýşyň gözbaşy hasaplanýar. Şonuň üçin hem ýaşlara dil bilimi barada düşünje bermek, türkmen diliniň öwrenilişini olaryň aňyna ýetirmek örän ähmiýetlidir. Munuň özi ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi terbiýelemekde esasy ugurlaryň biridir.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biziň ene dilimiz öz gözbaşyny Oguzhandan alyp gaýdýan, ähli türki halklaryň dilleriniň esasyny düzýän dildir. Ol gadymylygy, söz baýlygy, sözleriniň many goýazlygy, täsirliligi, labyzlylygy bilen has-da kämildir. «Dil milletiň ruhy keşbiniň aýnasydyr» diýmek bilen hormatly Prezidentimiz ene dilimiziň ylymly-bilimli, giň gözýetimli, ýokary ahlakly, watançy ýaş nesli ýetişdirmekdäki, milli aňyýeti kemala getirmekdäki hyzmatyna örän uly baha berýär.
Ene dilimizi ýaşlara çuňňur öwretmek bilen olaryň dil baýlygyny artdyrmaga mümkinçilik alýarys, çünki dil pikirlenişiň, söz baýlygynyň, şeýle hem pikiriňi beýan etmegiň serişdesi bolup durýar. Munuň üçin ýaşlara dilimizi çuňňur öwredip, dürli kitaplary okamaklaryny gazanýarys.
Patma BAZAROWA,
Saýat etrabynyň 6-njy orta mekdebiniň
türkmen dili we edebiýat mugallymy.
Teswirler