Şu gün, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgam arkaly “Materiallaryň garşylygy” dersinden IV Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi.
Bu geçirilen olimpiada Azerbeýjandan, Awstraliýadan, Amerikanyň Birleşen ştatlaryndan, Belarusiýadan, Ermenistandan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Fiji Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Malaýziýadan, Özbegistandan, Päkistandan, Russiýa Federesiýasyndan, Ruminiýadan, Türkiýeden we Ugandadan hem-de ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinden jemi 895 sany (şolaryň 665-si daşary ýurtly gatnaşyjylar, 230 sanysy Türkmenistanyň ÝOM) talyp ýaşlar gatnaşdy.
Belläp geçsek, “Materiallaryň garşylygy” dersinden IV Açyk halkara internet olimpiadasynynyňgeçirilmegi tejribe alyşmakda, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda we onuň gerimini giňeltmekde netijeli boldy. Geçirilen olimpiada daşary ýurtlaryň ugurdaş okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary emin agzalary hökmünde gatnaşdylar.
IV Açyk halkara internet olimpiadasynynyňgeçirilmegi mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň alyp barýan ylmy-barlag, taslama işleriniň netijeleri boýunça taýýarlanan sergisi gurnaldy. Myhmanlar guralan sergi hem-de institutyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň taslama işleri bilen içgin tanyşdylar.
Teswirler