«Güneş» žurnalynyň redaksiýasy döredijilik bäsleşigini yglan etdi!

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Külli ynsan hakyna belent maksat tutany – Türkmenistan – parahatlyk, ynanyşmak Watany!» atly şygyr we makala ýazmak boýunça geçirilýän bäsleşigiň

DÜZGÜNNAMASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan  Diýarymyzda Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmegiň röwşen ýolunda beýik geljegimize gönükdirilen tutumly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyz durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşlere, belent özgerişlere eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il bähbitli, ýurt ähmiýetli belent maksatlary ýaş nesiller üçin görelde mekdebi bolup hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiziň: «Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir!» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, ýaşlary ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgesi esasynda milli ruhda terbiýelemek, olaryň watansöýüjilik, agzybirlik, jebislik duýgularyny, ata Watanymyza, merdana halkymyza bolan buýsanjyny has-da ösdürmek, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli mirasymyza, edebi we taryhy şahsyýetlerimize, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza goýýan sarpasyny ýaýbaňlandyrmak hem-de okuwçylaryň döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti  bilen «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda  «Külli ynsan hakyna belent maksat tutany – Türkmenistan – parahatlyk, ynanyşmak Watany!» atly şygyr we makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär.

Döredijilik bäsleşiginiň maksady

– Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly  Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli      geçirmek barada tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Berkarar  döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan tutumly işleriň mynasyp waspyny ýetirýän, olary çeper beýan etmegi başarýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmak;

– döredijilik bilen meşgullanýan mekdep okuwçylarynyň başarnyklaryny ösdürmek.

Bäsleşigiň şertleri

– döredijilik bäsleşigine awtoryň öň hiç ýerde çap edilmedik 1 şygry ýa-da makalasy «Külli ynsan hakyna belent maksat tutany – Türkmenistan – parahatlyk, ynanyşmak Watany!» atly şygyr we makala ýazmak bäsleşigine» diýen ýazgy bilen hödürlenilmeli;

– şygyrlar we makalalar ýazylanda, kompýuterde «Times New Roman» şriftinde 16-lyk ölçegde bolmaly;

– döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga isleg bildirýän awtor baradaky maglumatlar  (bäsleşige gatnaşýan mekdep okuwçylarynyň okaýan mekdebi, synpy, ýaşaýan salgysy, öý we öýjükli ykjam el telefonynyň belgileri) makalanyň ahyrynda doly görkezilmeli;

– bäsleşige hödürlenilýän şygyr ýa-da makala awtoryň okuw mekdebiniň salgysyndan ýa-da şahsy elektron salgysyndan «Güneş» žurnalynyň (gunesh_tm@sanly.tm) ýa-da Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň (turkmenuniwersitetitdu@.gmail.com) elektron salgysyna iberilmeli;

– makalalar 2025-nji ýylyň 17-njy fewralyndan 2025-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli kabul edilýär;

– bäsleşigiň netijeleri baradaky maglumatlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň resmi web saýtynda (tdu.edu.tm) ýerleşdirilýär.

Döredijilik bäsleşigine hödürlenilýän makalalar aşakdaky şertler  esasynda bahalandyrylýar

– makalanyň mazmunynyň açylyp görkezilişi, maglumatlaryň takyk we aýdyň beýan edilişi;

– şygryň we makalanyň diliniň çeperçilik serişdeleriniň dogry hem ýerlikli ulanylyşy;

– şygryň we makalanyň tekstiniň grammatik hem-de stilistik taýdan sagdynlygy;

– awtoryň öz şahsy pikirlerini we garaýyşlaryny beýan edip bilişi.

Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak

– bäsleşige hödürlenen işler Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlaryndan we «Güneş» žurnalynyň redaksiýasyndan düzülen emin agzalary tarapyndan seljerilýär hem-de eminler topary tarapyndan berlen ballaryň esasynda ýeňijiler kesgitlenilýär;

– şygyr we makala bäsleşiginiň jemi boýunça Baş baýrak we 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlar bellenilýär. Emin agzalarynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.

– döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri 2025-nji ýylyň maý aýynyň birinji ongünlüginde yglan edilip, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we «Güneş»žurnalynyň redaksiýasynyň I, II, III Hormat hatlary hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiň Kärdeşler Arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanylýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 38-61-70

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok