Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

M.R.ASTANAGULOW hakynda

Mämmetguly Rozygulyýewiç Astanagulowy Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 7-nji fewraly.

* * *

Mämmetguly Rozygulyýewiç ASTANAGULOW

1984-nji ýylda Aşgabat şäherinde doguldy. 2007-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Oş döwlet uniwersitetini tamamlady. Bilimi boýunça hünäri ykdysadyýetçi.

2008-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Baş maliýe müdirliginiň gazna bölüminiň hünärmeni, gazna bölüminiň merkezleşdirilen býujetiň ýerine ýetirilişini hasaba alýan kiçi bölüminiň baş hünärmeni bolup zähmet ýoluna başlady. 2010 — 2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň Döwlet býujeti müdirliginde dürli wezipelerde işledi.

2017 — 2020-nji ýyllarda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet býujeti müdirliginiň Döwlet býujetiniň girdejiler bölüminiň başlygy bolup işledi. 2020 — 2022-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ykdysadyýeti ösdürmek bölüminiň ykdysady seljeriş we durmuş meseleleri bölümçesiniň esasy hünärmeni.

2022 — 2024-nji ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň kompýuter tehnologiýalary bölüminiň kompýuter ulgamlarynyň we maglumatlarynyň howpsuzlygy hem-de elektron resminamalaryň dolanyşygy bölümçesiniň esasy hünärmeni bolup işledi. 2024-nji ýyldan 2025-nji ýylyň fewral aýynyň başyna çenli Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok