Türk­me­nis­ta­ny 2025-nji ýyl­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň we ma­ýa go­ýum Mak­sat­na­ma­sy tas­syk­la­nyl­dy

“Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­syn­da”, “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022 — 2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da” bel­le­nen we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek, “Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly” diý­lip yg­lan edi­len 2025-nji ýyl­da ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­ni üp­jün et­mek we se­bit­le­riň dep­gin­li ös­me­gi­ni ga­zan­mak, yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­mak, se­na­gat-in­no­wa­sion ösüş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, iş­jeň ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty­ny alyp bar­mak, döw­le­tiň ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­mak, döw­re­bap san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­gy do­wam et­dir­mek, amat­ly işe­wür­lik gur­şa­wy­ny dö­ret­mek ar­ka­ly ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­giň işi­ni gi­ňelt­mek, ra­ýat­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak, dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny, iş üp­jün­çi­lik ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­ny 2025-nji ýyl­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň we ma­ýa go­ýum Mak­sat­na­ma­sy tas­syk­la­nyl­dy.

Mi­nistr­lik­le­re, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­na, we­la­ýat­la­ryň, Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­ri­niň hä­kim­lik­le­ri­ne Mak­sat­na­ma­nyň bel­le­nen möh­let­ler­de ta­la­ba­la­ýyk ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek tab­şy­ryl­dy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok