Hakaton bäsleşikleri

Häzirki döwürde bütin dünýäde bolşy ýaly, Ata Watanymyz Türkmenistanda hem sanly tehnologiýalaryň durmuşymyza mäkäm ornaşmagy bilen, kompýuter programmirleme we IT ulgamy ugurlary boýunça hünärlere we olardan baş çykarýan hünärmenlere bolan isleg barha artýar.

Ýurdumyzda sanly bilimi ösdürmek, sanly ykdysadyýete geçmek babatda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan tutumlary bu gün Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär, sanly tehnologiýalardan baş çykarýan, ýokary bilimli hünärmenleri ýetişdirmek işine uly üns berilýär. Şeýle hünärmenleriň kämil bolup ýetişmekleri üçin bu ugurda dürli görnüşli bäsleşikler, olimpiadalar yzygiderli geçirilýär. Soňky wagtlarda dürli ugurlar boýunçinnowasion çözgütleri döretmegiň guraly hökmünde dünýäde giňden ýaýran hakaton bäsleşikleriniň geçirilip durulmagy munuň aýdyň mysalydyr.     

Bu adalga ilkinji gezek 1999-njy ýylda OpenBSD we Sun Microsystems kompaniýalarynyň esaslandyryjylary tarapyndan ulanyldy. «Hakaton» sözi iňlis sözünden gelip çykyp, «hacker – haker, marathon – marafon» manylaryny aňladyp, dürli ulgamdaky kompýuter programmistleriniň (dizaýnerler, programmistler, IT ulgamyň hünärmenleri) bäsleşigidir.  Hakaton – bu saýlanyp alnan ders ugrunda täze pikirleriň döremegine we durmuşa geçirilmegine niýetlenen ýörite meýdança. Hakatonyň ýörite formaty dürli kärlerdäki, dürli başarnykly adamlary bir topara jemläp, saýlap alnan ders ugrunda täze çözgütleri gözlemäge itergi berýär.

Bu bäsleşigiň aýratynlyklary we peýdaly taraplary barada söz açylanda, onuň çäginde hakatondaky toparlaryň ähli agzalary öz başarnyklaryny we döredijilik ukyplaryny ösdürip, pikirdeşlerini tapyp, dostlaşýarlar we köp zatlary öwrenýärler. Şonuň ýaly-da, bäsleşik oňa gatnaşyjylaryň, hususan-da talyp ýaşlaryň başarnyklaryny ösdürmek bilen, toparlaýyn işlemek, berlen wagty peýdaly ulanmak, dürli ýagdaýlaryň baş alyp çykmak endiklerini kemala getirýär.  Şu maksatlar bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2025-nji ýylyň dowamynda ýokary okuw mekdepleri tarapyndan geçiriljek hakaton bäsleşikleriniň meýilnamasyny tassyklady. Hakaton bäsleşikleri diňe bir talyp ýaşlar üçin däl, eýsem ukyp-başarnygyny synasy gelýän dürli ýaşdaky raýatlar üçin açykdyr. Sizi hakaton bäsleşiklerine gatnaşmaga çagyrýarys!

Goşmaça maglumaty şu ýerden alyp bilersiňiz!

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok