Şanly ýylyň aýdyň maksatlaryna buýsanç

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly baştutanlygynda berkarar Diýarymyz täze taryhynyň her bir ýylyny uly üstünliklere besleýär. Munuň özi agzybir, zähmetsöýer halkymyzy ýeneki üstünliklere ruhlandyrýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk taryhy senesiniň uludan toýlanjak ýylyny hem dünýäde parahatçylygy pugtalandyrýan, ynanyşmagy dabaralandyrýan şunuň ýaly döwletli tutumlara beslemek merdana halkymyzyň naýbaşy arzuwydyr. Ýubileý ýylynyň şygarynyň we nyşanynyň, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň çuňňur many-mazmuny muny ähli aýdyňlygy bilen görkezýär.

Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi ýurdumyzyň ählumumy we sebit howpsuzlygyny üpjün etmekde, oňa goldaw bermekde öňe sürýän oýlanyşykly başlangyçlarynyň, taryhy tutumlarynyň mizemez binýady bolup hyzmat edýär. Bu hukuk ýagdaýynyň wezipelerine we borçlaryna berk eýerýän ýurdumyz dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar. Munuň özi dünýä jemgyýetçiliginiň uly goldawyna eýe bolýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň iki gezek ykrar edilmegi, her ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilip geçilmegi, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi muňa anyk subutnamalardyr. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça halkara bileleşigi tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi şeýle buýsançly subutnamalaryň üstüni ýetirdi.

Biz ulus-ilimiz bolup, ata Watanymyzyň berkararlygyny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygyny, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamalydyrys, şanly ýylymyzy ähli ugurlarda üstünliklere beslemelidiris. Täze ýylyň şygary bolsa biziň watançylyk ruhumyzy has-da belende göterip, döredijilikli zähmete, beýik işlere hyjuw döredýär. Şeýle döwletli döwrany, bagtyýar günleri peşgeş berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyzyň çägi ýokdur.

Orazgül GULLYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok