«Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň agzybirlikde gadam goýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda döredijilik bäsleşikleri yglan edilýär. Olarda halkymyzyň eşretli durmuşy, döwletimiziň adamzat bähbitli asylly başlangyçlary, amal edýän beýik işleri, dünýä ýüzündäki belent abraýy, halkara dost-doganlyk, ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, ildeşlerimiziň zähmet üstünlikleri, türkmençilik ýörelgesi, şöhratly taryhymyz, ýaşlar syýasaty, şanly Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň eçilýän miweleri şöhlelendirilýär. «Watan» gazetiniň redaksiýasy hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bagtyýarlyk etrap geňeşi bilen bilelikde şeýle asylly maksatlary çelgi edinip, döredijilik älemine gadam basan ýaşlary goldamak, olardan has zehinlilerini ýüze çykarmak maksady bilen, «Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşige kärine garamazdan, döredijilik bilen iş salyşýan ýaşlar (öň metbugat sahypalarynda çap edilmedik we başga bäsleşiklere hödürlenmedik) makalalaryny, şygyr, kyssa hem-de dürli žanrlarda ýazylan eserlerini hödürläp bilerler. Bäsleşigiň maksadyna laýyklykda, hödürlenýän işler döredijilikli beýan edilen bolmaly.

Döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga isleg bildirýänler hödürleýän eserleriniň ýanyna özleri hakyndaky maglumaty (okaýan, işleýän, ýaşaýan ýeriniň salgysyny, iş, öý ýa-da el telefonynyň nomerini) goşmalydyr. Bäsleşigiň jemi 2025-nji ýylyň dekabr aýynda jemlener we ýeňijilere Hormat hatlary we baýraklar gowşurylar.

Her bir ugradyljak eser «Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr» atly döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen «Watan» gazetiniň redaksiýasyna iberilmelidir.

Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly ― 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany.

Telefon belgileri: 38-61-07; 38-61-05; 38-61-16; 38-61-17.

Gazetiň elektron poçtasy: watan@sanly.tm

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok