Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda her ýyla döwrebap we mynasyp şygaryň berilmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi döwletimiziň we jemgyýetimiziň häzirki zaman ösüşini şöhlelendirýär. Ýagşy umyt-arzuwlar bilen bosagadan ätlän täze — 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi tutuş halkymyzyň begenjini artdyrdy.
Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem öňki ýyllar ýaly, dünýä ýaň salan taryhy wakalara, tutumly işlere baý boldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşymyzyň ähli ugurlarynda uly üstünlikler, ösüşler gazanyldy. Şol üstünlikler, ösüşler bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirdi. Muňa biz ýylyň dowamynda amala aşyrylan birnäçe tutumly işleriň mysalynda has-da aýdyň göz ýetirýäris.
Akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň halkara derejede bellenip geçilen ýylynda saglygy goraýyş, sport, ylym-bilim, medeniýet we beýleki ulgamlarda täze sepgitlere ýetildi. Röwşen geljegimiz bolan ýaş nesilleriň okap, zähmet çekip, ata Watanymyza gerekli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredildi. Ýurdumyzyň oba hojalygynda hem babadaýhanlarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen uly üstünlikler gazanyldy.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan täze ýylda ynsanperwer tutumlarymyzyň gerimi öňküdenem giňeler. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň uludan toýlanyljak ýyly hem şöhratly taryhymyzyň altyn sahypalarynyň hataryny artdyrar. Bizi şunuň ýaly buýsançly zamanyň eýesi eden Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.
Gurbandursun BERDİÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler