Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalary üçin sebitleýin duşuşyk geçiriler

6-7-nji dekabrda Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek maksady bilen halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygy geçirilip başlanar. Bu çäre Daşary işler ministrligi we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary bilen bilelikde guralar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi.

Duşuşyga halkara we sebit derejesindäki abraýly düzümleriň, şeýle-de dünýäniň birnäçe döwletiniň ylmy-barlag institutlarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Gün tertibine taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmekde häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, atlas kartalaryny taýýarlamak, şeýle hem Beýik Ýüpek ýolunyň Hazar — Wolga geçelgesiniň ugrundaky taryhy mirasyň obýektleri boýunça maglumatlary toplamak meseleleri giriziler.

Sebitleýin duşuşyk, aýratyn-da, taryhy-medeni ýadygärlikleriň çyzgylaryny, suratlaryny we sanly maglumatlaryny taýýarlamak bilen baglanyşykly täzeçil çemeleşmeleri işläp düzmekde uly mümkinçilikleri açar. Şeýle hem onuň dowamynda taryhy mirasyň global derejede goraglylygyny üpjün etmekde hyzmatdaşlygyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

Bu çäre Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy we medeni mirasynyň dünýä derejesinde ähmiýetini belende göterip, ony ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek işine täze itergi berer. 

Döwletmyrat Isagulyýew,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk
mekdebiniñ 2-ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok