ABŞ-da geçirilen saýlawlaryň netijesine görä, Respublikan partiýadan Donald Trump Amerikanyň 47-nji Prezidenti boldy. Trump 50 ştatyň 27-sinde ýeňiş gazandy. Ol saýlawlardan soň eden çykyşynda Amerikan halkyna minnetdarlyk bildirdi. Trump 2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda kasam kabul eder we 4 ýyl möhlet bilen ABŞ-nyň 47-nji prezidenti bolar.
Belläp geçsek, Trump 1946-njy ýylyň 14-nji iýunynda Nýu Ýorkuň Kwins etrabynda dünýä indi. Maşgaladaky bäş doganyň dördünjisi bolan Trump-yň iki erkek dogany we iki gyz dogany bar. Trump-yň kakasy Nýu Ýorkuň öňdebaryjy gurluşyk kompaniýalarynyň biriniň ýolbaşçysydy. Trump ilki kakasynyň ýanynda 1968-nji ýylda işe başlady, soňra bolsa Manhattanyň merkezinde öz işine başlady.
Birnäçe wagtdan soň Trump Atlantik Siti, Çikago we Las Wegas, Hindistan, Filippinler ýaly uly sebitlerde kazinolary, ýaşaýyş jaýlaryny, golf meýdançalary we myhmanhanalary gurdy.
Täsin we ajaýyp durmuşy bilen Trump, Nýu Ýorkdaky işewür toparlarynda üýtgeşiklik döretdi we “The Apprentice” teleserialy bilen parlak ýyldyzlarynyň birine öwrüldi. Trump syýasata 2015-nji ýylda girdi we 2017-nji ýylda ABŞ-nyň 45-nji prezidenti boldy.
Aýperi AMANMÄMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler