BMG: 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly»

Şu ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistan Watanymyzyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda taryhy Kararnama biragyzdan kabul edildi. Dünýäniň 86 döwletiniň bu taryhy Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etmegi ata Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesiniň beýikdiginiň güwäsidir. Bu resminamanyň kabul edilmegi baky Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan Garaşsyz türkmen döwletiniň dünýä bileleşiginiň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy goramagyň zerurdygyny tassyklap, şu maksada ýetmek üçin tagallalary birleşdirmäge çalyşýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Kararnamanyň şeýle giň goldawa eýe bolmagy Bitarap Türkmenistanyň strategik maksatlarynyň umumy bähbitlere we meýillere laýyk gelýändiginiň, ýurdumyzyň BMG-niň Tertipnamasyna, ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna esaslanýan döwletara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýandygynyň nobatdaky güwäsi bolup, her bir türkmenistanlynyň geljeginiň aýdyň boljakdygyna ynamyny berkitdi. Çünki Bitaraplyk halkymyzyň taryhy ykbalynda Garaşsyzlyk bilen bir hatarda duran ägirt uly gymmatlykdyr. Ol ýurdumyzyň her bir raýaty üçin parahat durmuşyň kepillendirmesidir, ertirki gününe ynamly garamagydyr, arkaýyn zähmet çekmek we nesilleri erkana terbiýelemek mümkinçiligidir.

Geljek ýyl BMG tarapyndan iki gezek resmi taýdan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy 30 ýaşaýar. Şu geçen ýyllarda Garaşsyz Watanymyz dünýäde hoşniýetlilige, birek-birege ynanyşmaga eýerýän, parahatçylygy, asudalygy berkarar etmek üçin yzygiderli tagalla edýän döwlet hökmünde uly abraýa eýe boldy. Baky Bitaraplykdan gelip çykýan bu mizemez ýörelgelere eýerýän ýurdumyzyň saýlap alan ýolunyň dogrudygyny wagt birkemsiz subut etdi.

Geljek ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň hem döredilenine 80 ýyl dolýar. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň 30 ýyllygy bilen Milletler Bileleşiginiň 80 ýyllygynyň arasynda nähilidir bir sazlaşygy tapmak mümkin. Muňa ýöne bir tötänlik däl-de, taryhy sazlaşyk hökmünde garamak ýerlikli bolsa gerek. Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik babatda ynamdar hyzmatdaş hökmünde BMG tarapyndan hormatlanylýandygy aýdyň hakykatdyr.

Gülöwser AKYMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok