Ýaş taryhçynyň diplomatiýa arzuwy

Jeýhun Hojageldiýew häzirki wagtda Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynda bilim alýar.

Jeýhun Hojageldiýew mekdep döwründe esasan taryh dersi bilen içgin gyzyklanýar. Mekdepde mugallym Myrat Rejepowyň gurnaýan fakultatiw sapaklaryna yzygider gatnaşýar. Mundan başga-da taryh dersinden geçirilýän bäsleşiklerde, olimpiadalarda üstünlikli çykyş edýär.

Jeýhun Hojageldiýew: ” Mekdepde okaýan döwrüm Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň web-saýtynda “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň geçirilýändigi baradaky bildirişi gördüm. Bu ýaryş meniň hünär saýlamagyma örän uly kömek etdi. Bildirişi görenimden soň meniň diplomat bolmaga höwesim hyjuwlandy. “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň dürli tapgyrlarynda üstünlikli çykyş edip, III möwsüminiň final oýnunda II orna eýe bolmak miýesser etdi. “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň dowamynda biz dürli diplomatlar bilen duşuşdyk. Olar bize özleriniň zähmet ýollaryny gürrüň bermek bilen, diplomat bolmaklygyň inçe syrlaryny, aýratynlyklaryny öwretdiler. Meniň iň uly arzuwlarymyň biri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby bolup, ussat diplomat bolmakdyr “.

Şeýle hem häzirki wagtda Jeýhun Hojageldiýew Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilýän “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň IV möwsüminiň test synaglaryndan üstünlikli geçip, deslapky saýlama oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Kakageldi AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok