Gahryman Arkadagymyzyň: «Zehinli adamlar Watanymyzyň ezizleridir. Zehini açmak bolsa eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän döwletli işlerde birjik-de ünsden düşürilmeýän wezipedir» diýen sözlerinden, hormatly Prezidentimiziň uly ynamyndan ugur alyp, täze taryhy döwrümizde ýaş nesillerimiz özleriniň zehinini, ukyp-başarnyklaryny hemmetaraplaýyn açyp görkezip, dürli bäsleşiklerde, halkara olimpiadalarda, sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýärler.
Aýgül Atajanowa häzirki wagtda Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdep-internatynda bilim alýar. Aýgül, aýratyn hem, himiýa dersi bilen has içgin gyzyklanýar.
Aýgül Atajanowa: “Mekdepde okaýan döwrümde, himiýa dersi boýunça halkara olimpiadalara taýýarlyk sapaklarynyň geçirilýändigi barada habardar boldum. Bu sapaklara gatnaşmak, himiýa dersine bolan höwesimi has-da artdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli bilim ulgamyndaky giň mümkinçilikleri we halypa mugallymlarymyzyň ýaşlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak ugrunda edýän zähmeti meniň üçin giň mümkinçilik bolup durýar. Bilim, ynam, we zähmet arkaly biz dünýäniň öňdebaryjy ýurtlary bilen deňleşip, öz ýurdumyzy has belentlere alyp barmak üçin zähmet çekmeli”.
Ýaş himik 2024-nji ýylda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen 56-njy Bütindünýä Halkara himiýa olimpiadasynda kümüş medala we Hytaý Halk Respublikasynyň Şenžen şäherinde geçirilen 58-nji Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasynda bürünç medala eýe bolup, ýaşyl baýdagymyzy beýleki ýurtlaryň arasynda al asmana göterdi. Bu üstünlikler, diňe bir ýaş himigiň şahsy üstünlikleri däl, eýsem, ata Watanyna wepaly bolup, il-ýurdumyza abraý getirmek üçin edýän zähmetiniň miwesi.
Aýgül Atajanowanyň iň uly arzuwy, bilimini we tejribesini ulanyp, ata Watanymyza wepaly, ökde hünärmen bolup ýetişmekdir.
Kakageldi AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler