Institutyň Ýol gurluşygy fakultetiniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Ýer titremeler we onuň täsirleri” atly okuw maslahaty geçirildi.
2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň Baş geofizigi Begenjow Geldi Berdiýewiç “Ýer titremeler we olaryň täsirleri” atly okuw maslahatyny geçirdi.
Bu okuw maslahaty Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek” Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy” we “Türkmenistanda seýsmologiýa ylmyny toplumlaýyn ösdürmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy” boýunça degişli işleri alyp barmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň arasyndaky 3 taraplaýyn “Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini peseltmek we ýurdumyzda seýsmologiýa ylmyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça bilelikdäki ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasyny” ýerine ýetirmegiň çäklerinde amala aşyrylýar.
Esasanda, bu okuw maslahatynda litosferanyň we tektonosferanyň gurluşy we maddy düzümi, ýer titremeleriniň çeşmeleri we deslapky çeşmeleri hem-de sebäpleri barada giňişleýin maglumat berildi.
Häzirki wagtda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arabaglanyşygyny has-da pugtalandyrmak we ýokary tehnologiýalary döretmek hem-de işlenip taýýarlanylan innowasiýalary işjeň ornaşdyrmak boýunça amatly şertler döredilýär.
Şeýle mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Ýolly Myradow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň
“Awtomobil ýollarynyň gurluşygy”
kafedrasynyň müdiri.
Teswirler