Garaşsyzlyk – Milli bitewüligiň nyşany

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni her ýyl halkymyz tarapyndan uly ruhubelentlik bilen bellenilýär. Bu baýramçylyk diňe bir döwletimiziň erkinligini we milli bitewüligini dabaralandyrman, eýsem türkmen halkynyň umumy guwanjy bolup durýar. Garaşsyzlyk – türkmen halkynyň öz ykbalyny doly gözegçilikde saklap, geljegini gurmagyň açarydyr.

Magtymguly Pyragynyň «Berkarar döwlet istärin» diýen beýik arzuwy Garaşsyzlygymyz bilen hakykata öwrüldi. Şahyr şygryýetinde halkyň bagtyýar durmuşyny arzuw edip, onuň bähbidine ömürboýy ýeke-täk arzuw besläpdi. Garaşsyzlygymyz bolsa türkmen halkynyň öz erk-islegi bilen döwlet bolmak baradaky arzuwynyň amala aşmagydyr. Bu günki bagtyýar durmuş, ösüşler, ykdysady taýdan durnukly döwlet, türkmen halkynyň Garaşsyzlygynyň döreden netijeleridir.

Berkarar döwletimiziň özygtyýarlylygyna esaslanýan ykdysady ösüşler, halkymyzyň ruhubelentligi, durmuşyň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler türkmen Garaşsyzlygynyň halkymyzyň durmuşyny, geljegini we abraýyny dünýä ýaýýan gymmatlykdygyny äşgär edýär. Bu şanly baýramçylyk halkymyzyň milli bitewüliginiň, özbaşdaklygynyň dabaralanmasydyr.

Hekim Maýew,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika institutynyň III ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok