Garaşsyzlyk külli türkmen döwletimiziň bagtydyr

Bu gün mähriban diýarymyz şanly toýuň bosagasynda dur. Halkymyzyň Garaşsyz döwlet barada köp asyrlaryň dowamynda eden arzuwlarynyň hasyl bolanyna 33 ýyl boldy.

Garaşsyzlyk halkymyzyň milli buýsanjy hem guwanjydyr. Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň buýsanjydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyz syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda uly üstünlikleri gazandy. “Pähim Paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýyl hem şanly wakalara baý boldy. Garaşsyz döwletimiziň dünýä ýaň salýan beýik şan-şöhraty, parahatçylygyň we dostlugyň, ruhubelentligiň, sportuň hem-de sagdynlygyň ýurdy hökmünde halkara abraýynyň yzygiderli artýandygyna şaýatlyk edýän taryhy wakalar halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýar.

Garaşsyzlyk külli türkmen döwletimiziň bagtydyr.
Garaşsyzlyk halkyň Arşa ganat açmasydyr.

Garaşsyzlyk – milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem parahatlyk mukamy bolup durýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen halkynyň täze belentliklere göterilmesidir, türkmen ruhunyň we mertebesiniň täzeden dabaralanmasydyr.

Garaşsyz özbaşdak döwletlilik beýik pederleriň arzuwlan watany! Türkmen halky bu gün öz bagtyna – dünýä eşretleriniň elýeterli durmuşynda ýaşaýan zamanasyna buýsanýar.

Aýtäç NEJIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny
mehanizmleşdirmek fakultetiniň
uly laboranty.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok