Eje, bu söz ähli dillerde iň ýakymly, iň mukaddes, iň mähirli sözdür. Ähli adamyň “Eje!” diýlende bir az wagt säginmäne we oýlanyşmana mejbur edýän sözdür. Mährem käbelerimiz biziň daşymyzyň galasy, başymyzyň penasydyr. Enelerimiziň her biri balasynyň başynyň amanlygyny, janynyň saglygyny, gözlerinde guwanjy görmekligi arzuw edip ýaşaýar. Türkmen käbeleri özleriniň daň säheri ýaly ak arzuw-dileglerini hüwdüleriň üsti bilen beýan edipdirler.
Megerem türkmen halkynda hüwdi eşitmän ulalan çaga ýok bolsa gerek. Her bir ene geljekde perzendiniň mähirli, ene-atasyna wepaly, rakyply, eli hünärli, asylly, terbiýeli ogul-gyzlar bolup ýetişmeklerini arzuw edýärler we olar öz arzuwlaryny çagajygynyň dünýä inen ilkinji günlerinden bäri mähir-muhabbete dolan hüwdülerinde beýan edýärler.
Pedagog alymlaryň geçiren ylmy işlerinde çaga ýaş döwründe has takygy bäbeklik döwründe enesi tarapyndan hüwdiniň aýdylmagy çaganyň soňraky ösüş döwrüne özüniň bellibir derejede oňyn täsirini ýetirýändigini anyklapdyrlar.
Ýazyjy, şahyrlarymyz hem bütin dünýäniň baş egýän mukaddesligini we onuň tämiz kalbynda çogup çykyp kemala gelen ene hüwdüsini özleriniň goşgudyr hekaýalarynda mynasyp beýan edipdirler. Arada şahyr Sädi Sädiýewiň metbugatda çapdan çykan ene hüwdüsi barada ýazan goşgusy hem örän täsirlidir. Ol öz goşgusynda ene hüwdüsiniň gudratyny, keramatyny şeýle beýan edýär:
Eje meni üwresene,
Şol köneje sallançakda.
Aýnajak men bäbek bolup,
Sallançakdan sallanjak-da.
Eje, meni üwresene!
Galdyr sallanjagyň bagyn,
Hüwdüleriň owazyna,
Eresin ýürekde dadym,
“Çagasyň sen heniz” diýip,
“Balaň bilen hezil” diýip,
“Eziz balam “Eziz” diýip,
Eje, meni üwresene!
Eje, meni üwresene,
Golaý barmy senden eýse ?!
Allam seni baky goýsun,
Balaň oňmaz sensiz ýogsa.
Kän gezdiň agyr ýük daşap,
“Balalarym” diýip ýaşap,
Bagt diläp, maňlaýdan ogşap,
Eje, meni üwresene!
Eje, meni üwresene!
Gurban mährem ojagyňa,
Däli dünýä, saňa sygman,
Sygaryn men sallançagyňa.
Şahyryň bu goşgusy her bir adamy biygtyýar çagalygyna dolaýar, ýatlamalar äleminiň seýilgähine hyýaly seýil etmäge mejbur edýär. Ýagty jahana ýaşaýşa bagyşlaýan mähriban käbelerimiziň janlary sag başlary aman bolsun! Goý olaryň hemmesiniň gözlerinde hemişe bagt, buýsanç göz ýaşyny görmek her bir türkmen perzendine nesip etsin! Ata watanymyzy bagtyýar çagalygyň we bagtly eneligiň ýurduna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, külli türkmen halky üçin alyp barýan asylly işleri rowaçlyklara beslensin!
Laçyn SABUROWA,
Beki Seýtäkow adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň
2-nji ýyl talyby.
Teswirler