Mukbang – Günorta Koreýa degişli bolup, iýmäge we tomaşaçylar bilen paýlaşmaga esaslanýan mazmunyň bir görnüşidir. “Muk” (iýmit) we “bang” (ýaýlym) sözleriniň utgaşmasy bolan bu adalga göni ýaýlymda ýa-da internetde öz-özüňi wideo ýazgy etmek bilen giňden ýaýrady.
Mukbang mazmun döredijiler köplenç iýmitiň köp bölegini sarp edýärler we bu işde tomaşaçylary bilen aragatnaşyk saklaýarlar. Mukbang diňe iýmek bilen çäklenmeýär. Olar şeýle hem sosial tejribe berýär. Tomaşaçylar, göni ýaýlymda iýip-içip oturan mazmun döredijisi bilen söhbetdeş bolýarlar. Olara tomaşa edip, jemgyýetçilik duýgusyny başdan geçirýärler.
Mukbang wideolary dürli iýmit medeniýetleri bilen tanyşmaga, tagamlaryň taýýarlanyşyny öwrenmäge we dürli tagamlardan dadyp görmäge mümkinçilik berýär. Bu mazmunyň meşhurlygy, esasanam sosial mediýanyň täsiri sebäpli örän tiz artdy. Tomaşaçylar stresden dynmak ýa-da ýalňyzlyk duýgularyny azaltmak üçin mazmunyň bu görnüşine ýüz tutýarlar.
Mundan başga-da, käbir göni ýaýlyma çykýanlar tomaşaçylary gyzyklandyrýan soraglara jogap berip, olary nahar iýmäge çagyrýar. Şeýle-de bolsa, mukbang medeniýeti sagdyn iýmitleniş endiklerini bozýanlygy şeýle-de artykmaç iýmitlenmek töwekgelçiligi sebäpli jemgyýetde jedel döredýär.
Jemläp aýtsak, mukbang iýmit iýmegiň sosial we medeni ölçege geçmegine mümkinçilik berýän sanly döwrüň gyzykly mazmunydyr. Mazmunyň bu görnüşi, şahsy we jemgyýetçilik derejelerinde özara täsir döredýär we azyk medeniýetine täze garaýyşlar hödürleýär.
Medine AHUNOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler