Bagtyýarlygyň gujagynda

Biz ýaşlar bagtyýarlygyň gujagynda döwrebap hünärleri ele almaga , nazary bilimlerimizi kämilleşdirmäge öňdebaryjy tejribeleri öwrenmäge ymtylýarys we netijesini görýäris. Türkmenistanyň jemgyýetçilik ösüşini durnukly kemala getirmek üçin bilim ojaklarynda berilýän bilimi kämilleşdirmekden başlanmaly. Ata Watanymyzda ýaşlaryň ylmy açyşlary, innowasion tejribeleri, ylmy-inženerçilik pikirleri, senagat-innowasion, maglumat-tehnologiki ylmy barlaglary döwletimiziň kuwwatyny pugtalandyrmakda, aýratyn hem ykdysadyýetimiziň sanly düzümini ösdürmekde möhüm orny eýeleýär.

Orta hünär okuw mekdebimizde bilim alyp uçurym bolan talyplaryň, ýagny hünärmenleriň häzirki wagtda halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekmegi buýsandyryjy netijedir. Döwlet syýasatymyzyň möhüm bölegi bolan ýaşlar syýasatynyň ýörelgelerine eýerip zehinli talyplar tejribeli halypalaryň ýolbaşçylygynda ylmy-barlag işlerini üstünlikli amala aşyrýarlar. Türkmen ylmyny düýpli ösdürmek ,onuň ylmy-tehniki mümkinçiliklerini berkitmek, çuň paýhasly nesilleri kemala getirmek ýaly köpugurly işler alnyp barylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyzyň döwrebap hünärleri ele almagy babatynda edilýän aladalar günsaýyn artdyrylýar. Ýaşlaryň gelejekde gazanjak bahasyz üstünlikleri döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň berkemegine getirer. Geçirilýän ylmy-amaly maslahatlara, halkara konferensiýalara türkmen ýaşlarynyň gatnaşmaklary öz çykyşlary bilen pikirlerini aýdyp bilmegi demokratik döwletde ýaşlaryň bilim derejeleriniň kämilleşmeginden nyşandyr.

Firýuza ROZYKULYÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok