Ýene güýz. Güýz gelse saralýar ýaprak..

Ýene güýz. Güýz gelse saralýar ýaprak.
Ýaprak saralanda durlanýar pikir.
Ýatlaýan geçeni öňküden köpräk,
Hem diýýäň: “Oňatlyk, Hudaýa şükür”

Her bir paslyň özüne degişli gözelligi, reňk öwüşginleri, mahsuslygy bar. Pasyllaryň arasynda güýz pasly diýlende saralan ýapraklar, gamgyn ýöne duýgulandyryjy dünýä göz öňüňde janlanýar. Güýz pasly döredijilik adamsynyň kalbyny joşdurýar, ylham berýär. Güýzüň şahyry Gurbannazar Ezizow. Bu günki gün güýzi şahyryň goşgulary bilen garşy aldyk.

Güýz gelende gussa batýar tebigat
Öz şahyr oglunyň aglap agysyn
Köp ýyllyk aýralyk onuň täleýne
Hem agras ýüzüne salypdyr gasyn.

Tebigatyň, güýzüň gözelligi diňe bir Gurbannazar şahyry däl eýsem ähli adamlaryň kalbyny heýjana salýar.

Bir süýjüje duýgy dolup ýürege
Başly barat oýlar, täsin tijener
Uzaltmaga aşyklaryň söhbedin
Meger güýzde kem-kem uzar gijeler.

Tebigatyň ynsan ogluna peşgeş beren her bir gymmatlygy, aýy, güni, asmany, her bir pasly gyzyldan gymmatly emma içinde güýz pasly has hem ýüreklere ýakyn ýaly duýulýar. Has köp alada batyrýan aýlygyna seretmezden alymlaryň çaklamalaryna görä güýzde doglan adamlar beýleki pasylda doglan adamlara garanda uzak ýaşaýarlar.

Dünýä ýüzünde güýz paslynda syýahat edilmegi maslahat berilýän Toksana şäheri (Italiýa), Praga şäheri (Çehiýa) tebigatyň gözelligine doýup bolmajak ýerler diýlip hasaba alnandyr. Demirgazyk ýarym şarda güýz pasly 23-nji sentýabrda başlanyp 23-nji dekabrda gutarýar diýlip hasaba alnan. Günorta ýarym şarynda güýz aýlary mart, aprel hem-de maý aýlarydyr.

Aýjeren BAÝRAMOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok