Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerýän döwlet syýasatymyz bu gün dünýä bileleşigi tarapyndan belent abraýa eýe bolýar we öňe sürýän möhüm başlangyçlarymyz işjeň goldanylýar, şan-şöhrata beslenen işler netijesinde ösüşiň täze, belent sepgitlerine eýe bolunýar. Munuň özi berkarar Watanymyzyň dünýädäki at-abraýynyň yzygiderli artýandygyny ykrar edýän guwandyryjy ýagdaýdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda gysga taryhy döwrüň dowamynda ýurdumyzda döwleti dolandyrmagyň demokratiýa we hukuga esaslanýan ygtybarly nusgasy döredilip, jemgyýetiň erk-islegini, hukugyny beýan etmeginiň netijeli ulgamy kemala geldi. Bu babatda amala aşyrylýan işler netijesinde döwletiň we raýatyň arasynda mizemez arabaglanyşyk üpjün edildi.
Halk häkimiýetiniň gadymy däpleri, ata-babalarymyzyň döwlet gurmakdaky baý tejribesi döwleti dolandyrmak ulgamyny hukuk taýdan kämilleşdirmeklige hem-de jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak boýunça öňe sürülýän başlangyçlary okgunly ösdürmäge ýardam edýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisini taýýarlamak we ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk toparynyň işleri ýokary depginde dowam edýär. Bu umumymilli forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär, şeýle-de ilata jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ähmiýetini düşündirmek boýunça hem işler alnyp barylýar.
Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Halk Maslahatynda Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça wezipelere uly üns berler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe demokratik we adalatly jemgyýetimizi has-da kämilleşdirmek, adam hakyndaky aladanyň, il-ýurt bähbitleriniň ileri tutulýan döwletinde obalarymyzy hem-de şäherlerimizi abadanlaşdyrmak, ýokary hilli ýaşaýyş jaý toplumlaryny bina etmek, ýolgurluşyk, ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek, öňdebaryjy tehnologiýaly iri senagat toplumlaryny döretmek boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirilýär. Şeýle hem kanunçylygy kämilleşdirmek, sanly ulgam arkaly döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, oba hojalyk önümlerini öndürijileri, ilaty durmuş taýdan goramagy hem-de sebitleri ösdürmegi höweslendirmek ýaly ulgamlarda kanunçylygy seljermegiň wajypdygy babatdaky işlere uly ähmiýet berilýär, döwlet durmuşynyň dürli ugurlary boýunça kanunçykaryjylyk işi işjeň alnyp barylýar.
Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge, jemgyýetiň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmaga hem-de milli demokratiýany mundan beýläk-de ösdürmäge halk wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmäge itergi berer. Kabul ediljek taryhy karardyr çözgütler Türkmenistan ýurdumyzyň uly üstünliklere, belent sepgitlere beslenip, ösüşli menzillere ýetmeginiň özeni bolup hyzmat eder.
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.
Teswirler