Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda şähergurluşyk ulgamynda belent sepgitlere ýetilýär. Muňa ähli babatda nusgalyk bolan Arkadag şäheri aýdyň mysaldyr. Arkadag şäheri – ak geljegiň ak şäheridir, türkmen halkymyzyň egsilmez buýsanjydyr. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşen “akylly” hem döwrebap şäher binagärligiň, şäher gurluşygynyň milli nusgasydyr, dünýä binagärliginiň öňdebaryjy gazananlaryny, üstünliklerini özünde jemleýän nusgalyk şäherdir. Munuň şeýledigine Arkadag şäheriniň Koreýa Respublikasynda geçirilen “World Smart City Expo” atly halkara sergide baýraklaryň üçüsine mynasyp bolmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şähergurluşyk ulgamynda innowasion esaslara daýanýan parasatly pikirleriniň we çözgütleriniň ýokary baha mynasyp bolýandygyny nobatdaky gezek subut etdi. «World Smart City Expo» sergisine Koreýa Respublikasynyň, ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň, ençeme döwletleriň wekilleri gatnaşdylar. Jemi 116 pawilýony özünde jemlän bu gözden geçirilişe 60-dan gowrak ýurduň wekilleri synçy hökmünde gatnaşdylar. Sergä gatnaşyjylaryň arasynda aýry-aýry ugurlar boýunça has tapawutlanan daşary ýurt we milli şäherlere hem-de kompaniýalara degişli baýraklar berildi.
Şäher innowasiýalary babatda dünýäniň iň uly we iň täsirli çäresi bolan World Smart City Expo sergisi tutuş dünýäden akylly şäherleriniň liderlerini birleşdirýän tehnologiýalary alyşmak meýdançasydyr. Iri innowasion tehnologiýa kompaniýalary bilen tanyşmaga we sergä gatnaşyjylar bilen degerli duşuşyklary geçirmäge mümkinçilik berýän bu halkara derejesindäki abraýly sergide Arkadag şäheriniň mümkinçilikleri we aýratynlyklary hem tanyşdyryldy. Arkadag şäheri “Iň tapawutlanan “akylly” şäher”, “Daşary ýurt “akylly” şäheri”, «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin” atly üç sany baýrak bilen sylaglanyldy. Şunda “Iň tapawutlanan “akylly” şäher” diýen baýrak bilen diňe Arkadag şäheriniň sylaglanandygy köňüllerde ebedi galjak, ýatdan çykmajak aýratyn buýsançly wakadyr. Şeýle-de saparyň çäklerinde Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini amala aşyrmak üçin zerur bolan, Koreýa Respublikasynyň lukmançylykda ulanylýan serişdeleriniň öndürijileri bilen duşuşylyp, degişli zawodlaryň işleri bilen ýerinde tanşyldy. Şeýle bütindünýä sergisine gatnaşylmagy milli şähergurluşygy üçin nusga bolup hyzmat edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen gurluşygy mynasyp dowam etdirilýän ilkinji «akylly» şäher – Arkadag şäheriniň ösüşini görkezmäge, özara tejribe alyşmaga we Türkmenistan ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiki ösüşleri ornaşdyrmaga uly mümkinçilik berer.
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler