Okuw kitaplary we okuw goldanmalary çap edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň utgaşdyrmagynda ýurdumyzda okuw kitaplarynyň we okuw goldanmalarynyň işlenilip taýýarlanylmagy dowam edýär.

Mälim bolşy ýaly, botanikany we zoologiýany birleşdirip özünde jemleýän biologiýa ugry orta bilim we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we işgärleriniň bilelikdäki tagallalary arkaly artdyrylýar. Bu işlere Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň birnäçe ylmy işgärleri goşuldy.

Umuman, 2016-njy ýyldan 2019-njy ýyl aralygyndaky döwürde türkmen dilinde neşire şunuň ýaly okuw kitaplarynyň birnäçesi taýýarlanyldy, şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýanyndaky lukmançylyk hünär mekdepleri üçin botanika boýunça gollanma, dokuzynjy synp okuwçylar üçin umumy biologiýa, orta bilim mekdepleriniň bäşinji we altynjy synplary üçin biologiýa (ösümlikler) kitaplary bar.

Ýeri gelende belläp geçsek, kitaplaryň Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň binýadynda gaty sahapda melli kagyzda neşir edilendigini nygtamak gerek.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok