Dünýäniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan tutluşygynyň senesi mälim edildi

Boks boýunça ozalky dünýä çempiony Maýk Taýson bilen tanymal YouTuber Jeýk Polyň arasynda boljak tutluşygyň geçiriljek senesi yglan edildi.

Maýk Taýson we Jeýk Pol 2024-nji ýylyň 15-nji noýabrynda ABŞ-nyň Tehas ştatyndaky “AT&T” stadionynda duşuşarlar. Duşuşyk göni ýaýlymda “Netflix” arkaly dünýä ýüzünde görkeziler.

Aslynda tutluşyk 2024-nji ýylyň 20-nji iýulynda bolmalydy, emma duşuşyk geçen hepde Taýson uçarda syrkawlanyndan soň yza süýşürildi.

Ýeri gelende belläp geçsek, boksyň ýatdan çykmajak ýyldyzlaryndan biri bolan Maýk Taýson ABŞ-nyň Bruklin şäherinde (Nýu-Ýork) doguldy. Ol musulman dinini kabul edensoň, adyny Mälik Abdul Aziz diýip üýtgedi. Onuň lakamy “Demir Maýk” bolup durýar.

Jeýk Pol bolsa 1997-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda ABŞ-nyň Ohaýo ştatynda doguldy. Onuň sosial media platformasynda 27 milliondan gowrak yzarlaýjysy bar.

Döwletmyrat AŞYROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok