Eýranda nobatdan daşary geçiriljek prezident saýlawlarynyň senesi mälim edildi

19-njy maýda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi we Eýranyň Daşary işler ministri Hosseýn Amir Abdollahiýan we beýleki döwlet resmileri bilen bilelikde Gündogar Azerbaýjan welaýatynda dikuçar heläkçiligine uçrady. Dikuçar heläkçiliginde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Eýranyň Daşary işler ministri Hosseýn Amir Abdollahiýan, Gündogar Azerbaýjanyň döwlet häkimi Malik Rahmeti we Töwriziň Ymamy Aýatolla Ali Haşim aradan çykdy.

Merhumlary jaýlamak çäresi maý aýynyň 23-ine bellenildi. Pajygaly waka sebäpli, Eýranda bäş günlük matam yglan edildi.

Eýranyň döwlet metbugaty, 28-nji iýunda Eýranda nobatdan daşary prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigini mälim etdi. Saýlaw senenamasyna laýyklykda dalaşgärler 30-njy maýdan 3-nji iýuna çenli arza bererler we saýlaw möwsümi 12-nji iýundan 27-nji iýun 07:00-a çenli dowam eder.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok