19-njy maýda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi we Eýranyň Daşary işler ministri Hosseýn Amir Abdollahiýan we beýleki döwlet resmileri bilen bilelikde Gündogar Azerbaýjan welaýatynda dikuçar heläkçiligine uçrady.
Gözleg we halas ediş toparlary şu gün irden dikuçaryň galyndylaryny tapmagy başardylar. Eýranyň habar gulluklary heläkçilikden aman galanlaryň ýokdugyny habar berdiler.
Dikuçar heläkçiliginde aradan çykanlaryň arasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Eýranyň Daşary işler ministri Hosseýn Amir Abdollahiýan, Gündogar Azerbaýjanyň döwlet häkimi Malik Rahmeti we Töwriziň Ymamy Aýatolla Ali Haşim bar.
Dikuçar heläkçiligi näme sebäpden boldy?
19-njy maýda Eýranyň Prezidenti Azerbaýjandan dolanyp gelýän eken. Ol Azerbaýjanda eýran-azerbaýjan serhedinde Aras derýasynda bendiň açylyşyna gatnaşypdyr.
Eýranyň Prezidentiniň dikuçar kerweninde üç sany dikuçar bolupdyr. Eýranyň döwlet metbugaty bu heläkçiligiň duman we ýaramaz howa şertleri sebäpli ýüze çykandygyny habar berdi.
Teswirler